19 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan protest ýörişlerinden soň Nepalyň sosial media goýan gadançylygy bes edendigi habar berildi.
Ministrler kabinetiniň metbugat sekretary we Kommunikasiýalar ministri Prithwi Subba Gurung, geçen hepde sosial media goýlan gadagançylygyň sişenbe güni bes edilendigini mälim etdi.
Galplyga garşy geçirlen “Gen Z” ýörişlerinde 19 adamyň ýogalmagyndan we 100-den gowrak adamyň ýaralanmagyndan soň şeýle kararyň kabul edilendigi nygtaldy.
Protest ýörişleri sosial media gadagançylygy sebäpli başlapdy.
“Roýter” habarlar gullugyna beýannama beren Gurung “Sosial media platformalarynyň ýapylmagy baradaky karar bes ediler”diýdi.
Premýer-ministr Şarma Oli bolsa, käbir toparlar tarapyndan başladylan wakalara gynanç bildirýändigini aýtdy.
Premýer-ministr Oli wakada ýogalanlaryň hossarlaryna degişli kömegiň beriljekdigini we ýaralananlaryň bejergisi üçin hiç hili tölegiň alynmajakdygyny nygtady.
Şarma Oli, duşenbe güni beren beýannamasynda “Şuna meňzeş wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin sebäpleri barlanar we degişli çäreler görler” diýip belledi.
“Gen Z” protestleri
Ýurduň çar tarapynda geçirlen ýörişleriň guramaçylary, protest ýörişlerini “Gen Z” protestleri hökmünde häsiýetlendirdi.
Guramaçylar, ýaşlaryň hökümetiň galplyga garşy herekete geçmegini we ykdysady şertleriň gowulandyrylmagyny talap edýändigini mälim etdi.
Geçen hepde Fajebook bilen birlikde birnäçe sosial media platformasynyň ýapylmagy barada karar kabul edilipdi. Ýaşlar bu karara uly garşylyk görkezdi.
Nepally oppozisionerler hem karary berk tanky edipdi.