DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa Siriýanyň geo syýasy bäsleşikler üçin ulanylmagyna garşy
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Siriýada geçiriljek parlament saýlawlaryna goldaw berýändiklerini mälim etdi.
Russiýa Siriýanyň geo syýasy bäsleşikler üçin ulanylmagyna garşy
1 أغسطس 2025

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Siriýanyň özygtyýarlygyna goldaw berýändiklerini mälim etdi we resmi Moskwanyň Siriýanyň geo syýasy çaknyşyklar üçin platforma hökmünde ulanylmagyna garşydygyny aýtdy.

Lawrow penşenbe güni Moskwada Siriýanyň Daşary işler ministri Asad Hasan Şeýbani bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Lawrow, “Russiýa, Siriýanyň geosyýasy bäsleşikler ýada beýleki döwletleriň düşnüşmezlikleri üçin söweş meýdany hökmünde ulanylmagyna berk garşy durýar” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow, Siriýanyň başdan geçirýän kynçylyklarynyň hötdesinden geljekdigine ynanýandyklaryny aýtdy.

Siriýanyň günortasynda başdan geçirilýän soňky wakalara ünsi çeken Lawrow, halkara jemgyýetçiligine dartgynlyklaryň möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmaklary üçin çagyryş etdi.

Halkara Gyzylhaj komitetiniň Suwaýdada başdan geçirilýän dartgynlygyň ortadan aýrylmagy baradaky başlangyjyna goldaw berýändiklerini aýtdy.

Lawrow “Prezident Ahmed Şaranyň wagtlaýyn hökümeti tarapyndan görlen degişli çäreleriň dartgynlygyň ortadan aýrylmagyny ýola goýmagyny umyd edýäris” diýip belledi.

Russiýanyň sentaýbr aýynda Siriýada geçiriljek parlament saýlawlaryna goldaw berýändigini nygtan Sergeý Lawrow, “Siriýanyň bitewiligine, jebisligine we garaşsyzlygyna goldaw berýändigimizi ýene-de bir gezek nygtaýaryn we ýurduň gaýtadan dikeldiş etabyna goldaw bermäge taýardygymyzy nygtamak isleýärin” diýdi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us