TÜRKIÝE
2 minut okamak
Erdogan Ýeňiş Baýramy mynasybetli Türkiyäniň gahrymançylykly geçmişini we agzybirligini hormatlady
Türkiye Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ýeňiş Baýramy mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde, bu ýörite günüň Tükriyäniň garaşsyzlyk, azatlyk we milli jebislik ugrundaky göreşiniň ýeňişi hökmünde häsýetlendirdi.
Erdogan Ýeňiş Baýramy mynasybetli Türkiyäniň gahrymançylykly geçmişini we agzybirligini hormatlady
30 اوت 2025

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli ýüzlenme çap edip, bu güni türk taryhynyň öwrülişik nokadynyň biri hökmünde häsýetlendirdi.

Erdogan, şenbe güni çap eden hatynda, Ýeňiş baýramynyň milletimiziň ynamynyň, gahrymançylyk ruhunyň we azatlyk hem-de garaşsyzlyk ugrundaky bilelikdäki göreşiniň nyşany hökmünde häsiýetlendirdi.

Erdogan: “Gahryman goşunymyzyň watançylygy we milletimiziň agzybir erk-islegi bilen gazanylan Beýik Ýeňiş, gulçulygyň zynjyrlaryny döwüp, garaşsyzlygymyzyň ýoluny açdy” diýip belledi.

Ol Ýeňiş gününiň diňe bir harby ýeňiş bolman, eýsem, türk milletiniň ýaşaýyş ugrundaky göreşiniň we ebedi garaşsyzlygynyň “gaýtadan direlişi” hökmünde hem ähmiýetlidigini belledi.

Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň ýolbaşçylygynda 1922-nji ýylyň 26-njy awgustynda başlanan we Beýik Hüjüm ady bilen tanalýan harby kampaniýa, 18-nji sentýabrda tamamlanmak bilen, Türkiyäniň garaşsyzlygyny çürt-kesik ýagdaýa getirdi.

Taryhçylar Atatürkiň ýolbaşçylygyndaky bu ýeňşiň Türkiyäniň özbaşdaklyk ugrundaky tutanýerliligini we Anadolyda baky ýaşaýşyny dünýä yglan edendigini nygtaýarlar.

Türk milleti ‘garaşsyzlygyndan hiç haçan el çekmez’

Prezident Erdogan Ýeňiş baýramynyň diňe bir türk milletine däl, eýsem, gulçulyk astyndaky ähli ezilen halklara-da umyt getirenligini aýtdy.

Erdogan: “Bu ýeňiş bilen, türk milleti bütin dünýä bu milletiň hiç haçan boýun egmejekdigini, gulçulygy kabul etmejekdigini we garaşsyzlygyndan el çekmejekdigini ýene-de bir gezek yglan etdi” diýdi.

Ýeňişiň azatlyk üçin göreş alyp baran ähli ezilen milletler üçin garaşsyzlyk idealynyň nyşany ýagdaýyna gelendigini aýdan Prezident Erdogan, milletimiziň borjunyň agzybirlik we jebislik bilen garaşsyzlygyň şemini has-da güýçli geljege alyp gitmekdigini belledi.

Prezident Erdogan: “Bu manyly günde, watanymyz üçin janyny gurban eden eziz şehitlerimizi, aýratyn-da Gazy Mustafa Kemaly we onuň egindeşlerini hormat bilen hatyralaýaryn, gahryman gazylarymyza bolsa minnetdarlyk bildirýärin. Eziz milletimizi bolsa 30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn” diýip belledi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us