TÜRKIÝE
1 minut okamak
“Türkiýäniň Ýaragly güýçleri soňky 10 ýylda uly öňe gidişlik etdi”
Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň soňky 10 ýylda uly öňe gidişlik edendigini aýdan Prezident Erdogan, Türkiýäniň harby goşunyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtay
“Türkiýäniň Ýaragly güýçleri soňky 10 ýylda uly öňe gidişlik etdi”
il y a 21 heures

Prezident R. T. Erdogan, Türk Ýaragly güýçleriniň 9 ýyl ozal başdan geçirlen agdarlyşyk synanşygynyň basylyp ýatyrlan döwrü bilen deňeşdirilende has güýçlidigini nygtady.

Prezident Erdogan şenbe güni paýtagt Ankarada geçirlen Milli Goranyş uniwersitetiniň talyplarynyň gutardyş dabarasynda eden çykyşynda, Türk Ýaragly güýçleriniň uly öňe gidişlik edendigini nygtady.

Erdogan, Türkiýäniň harby goşunyna hünärmen, tälim, harby enjam we tehnalogiýa taýdan goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Prezident Erdogan “Şu hepde ASELSAN tarapyndan öndürlen 47 ulagdan ybarat polat gümmez ulgamlaryny harby goşunymyza tabşyrdyk. Mawy Watan Teknofestiň çäginde Türk deňiz güýçleriniň güýjüne göz ýetirdik” diýdi.

DegişliTRT World - 'Steel Dome': How Türkiye's new air defence shield operates

Güýçli gatnaşyklar

Prezident R. T. Erdogan, 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Asadyň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň Siriýa bilen harby taýdan edilýän gatnaşyklaryň ösmäge başlandygyny nygtady.

Erdogan, Türkiýäniň goňşy ýurt Siriýa bilen harby tälimiň başdan durmagynda birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi çekdi.

2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynda 253 adam ýogalypdy, 2 müň 734 adam hem ýaralanypdy.

FETÖ atly terror guramasy Türkiýede agdarlyşyk etmäge synanşypdy.

 

DegişliTRT World - Türkiye's Teknofest Blue Homeland hosts range of diverse events

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us