DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hytaý, Demirgazyk Koreýa bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmäge taýar
Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy, Demirgazyk Koreýanyň esaslandyrylmagynyň 77 ýyllygy mynasibetli Kim Çen Ine ugradan gutlag ýüzlenmesinde, Phenýan bilen edilýän strategik gatnaşyklaryň ösdüriljekdigini aýtdy.
Hytaý, Demirgazyk Koreýa bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmäge taýar
September 9, 2025

Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Szinpin, Demirgazyk Koreýanyň esaslandyrlan gününiň 77 ýyllygy mynasibetli Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ine ugradan gutlag ýüzlenmesinde, Hytaýyň Demirgazyk Koreýa bilen strategik gatnaşyklaryny ösdürmäge taýardygyny nygtady.

Remi Sinhua habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Szinpin gutlag ýüzlenmesinde, Hytaýyň Demirgazyk Koreýa bilen sebitara we halkara parahatçylyk we galkynyş üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini nygtady.

Szinpin, Hytaý bilen Koreýa Demokratik Halk Respublikasynyň arasyndaky dostlugy ösdürmek bilen strategiýa taýdan aragatnaşyk saklamaga we özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýardyklaryny nygtady.

Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy, iki ýurduň sebitara we halkara parahatçylyga we galkynyşa uly goşant goşmalydygyny belledi.

Diplomatik gatnaşyklar

 Koreýa Ýarymadasynyň II jahan urşunyň ahyrynda ýapon basyp alyşlygyndan halas edilmeginde soň demirgazykda komunist ugam gurulýar.

1948-nji ýylyň awgust aýynda Ýokary Halk mejisi saýlanýar we 3-nji sentýabrda täze ýokary kanun kabul edilýär.

1948-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Koreýa Demokratik Halk Respublikasy yglan edilýär we Kim Il Sung ýurduň ilkinji premýer-ministri hökmünde wezipesine girişýär.

Hytaý bilen Demirgazyk Koreýa şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 76 ýyllygyny belläp geçýär.

Geçen hepde ýörite otlusy bilen Hytaýa giden Kim Çen In paýtagt Pekinde Si Szinpin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen birlikde Hytaýda geçirlen harby dabara gatnaşdy.

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us