ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoff geçen hepde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Alýaskada geçirilen ýokary derejeli duşuşygynda rus resmileriniň "şol bada diýen ýaly" eglişik edendigini aýtdy.
Witkoff sişenbe güni FOX News kanalyna beren beýanatynda: "Alýaskada geçirilen ilkinji duşuşykda rus tarapy şol bada diýen ýaly egilşik etdi. Bu egilşikleri almagyň bir bölegi ruslaryň has ýaraşykly pozisiýa eýelemäge taýýar bolup-bolmandygyny anyklamakdy” diýip belledi. Witkoff eglişikleriň düzümi barada bolsa jikme-jik maglumat bermedi.
Witkoff Ankorijdäki gepleşikleriň wagtlaýyn ýaraşyk däl-de, uzak möhletli parahatçylyk şertnamasyna gönükdirilendigini aýtdy.
Witkoff: "Biz ol ýerde ep-esli wagt galdyk, sebäbi parahatçylyk şertnamasyny baglaşyp biljekdigimiz barada hakyky öňegidişlik gazandyk. Ýaraşyk şertnamasyny ähli elementleri öz içine almazlygy sebäpli, örän aňsatlyk bilen bozulyp bilinýär" diýdi.
Witkoff: "Prezident Alýaskadaky bu duşuşykda parahatçylyk ylalaşygy üçin zerur bolan köp başlangyçlaryň ylalaşylandygyny duýdy, şonuň üçin doly parahatçylyk ylalaşygyny dowam etdirmeli dälmi?" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Esasy meseleler, Ukraina üçin mümkin bolan ýer çalyşmalar we howpsuzlyk kepillikleri bilen baglanyşykly bolup, Kiýew we Ýewropa liderleri parahatçylyk ylalaşygyna ýol açmagyň ýaraşykdan başlamalydygyny öňe sürýärler, ABŞ we Russiýa bolsa doly parahatçylyk ylalaşygyny goldaýarlar.