TÜRK DÜNÝÄSI
2 minut okamak
Russiýa Gazagystanyň ilkinji atom elektrik bekedini gurar
Gazagystanly ýolbaşçylar Hytaýyň hem üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli tebigy serişdeler taýdan baý ýurtda iki desga gurmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.
Russiýa Gazagystanyň ilkinji atom elektrik bekedini gurar
8 de agosto de 2025

Russiýa anna güni dünýäniň iň uly uran öndürjisi bolan we Orta Aziýanyň iň uly döwletlerinden biri bolan Gazagystanda ilkinji atom elektrik bekediniň gurluşygyna başlady. Russiýa, Pekin we Ýewropa ýurtlary Orta Aziýada täsirleriniň güýçlenmegi üçin tagalla edýär.

Russiýa taryhy taýdan bu sebitiň täsirli aktýorlaryndan biri hökmünde Orta Aziýada liderlik rolyny goramaga çalyşýar.

Hytaý hem Guşak-ýol başlangyjynyň çäginde Gazagystana milliardlarça dollarlyk maýa goýdy.

Gazagystanyň we Russiýanyň atom gulluklary tarapyndan berlen bilelikdäki beýannamada, “kuwatly atom elektrik bekediniň gurulmagy üçin amatly ýeriň saýlanmagy boýunça inženerçilik gözlegleri başlady” diýildi.

Gazagystanyň atom gullugynyň başlygy Almasadam Satkaliýew “ “Bu taslama, Gazagystanyň strategik taslamasy bolmak bilen birlikde hem sebitiň hem-de ýurduň ykdysady taýda galkynyşynda uly rol oýnar” diýdi.

Gazagystanly ýolbaşçylar Hytaýyň hem üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli tebigy serişdeler taýdan baý ýurtda iki desga gurmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Dünýädäki uranyň 43 göterimine eýe bolan Gazagystan, ÝB-ni çig uran bilen üpjün edýän üçünji ýurt. Emma ýurduň içerki elektrik energiýasyna bolan talabyny doly kanagatlandyrmakda kynçylyk çekýär. Gazagystan atom energiýasy meselesinde ünsli çemeleşýär. Sowet döwründe geçirlen atom synaglary sebäpli 1,5 million adama radiasiýa sezewar bolupdy.

Ýurduň ilkinji atom elektrik bekedi Balkaş kölüniň kenarynda ýerleşýän, Ülken obasynyň golaýynda gurlar. Atom elektrik bekediniň gurluşygynyň birnäçe ýyl dowam etmegine garaşylýar.

Russiýanyň Rosatom firmasy, reaktoryň 60 ýyllyk ömrüniň boljakdygyny we şol möhlediň ýene-de 20 ýyl uzadylyp bilinjekdigini mälim etdi.

Fransiýa bilen Günorta Koreýa hem Gazagystanda atom elektrik bekedini gurmak üçin talap bildiripdi. Emma Gazagystan Russiýa bilen Hytaýy saýlap aldy.

Russiýa sebit ýurtlaryndan Özbegistana atom elektrik bekedini gurmagy we Gyrgyzstanda hem kiçi göwrümli reaktor gurmagy meýilleşdirýär.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us