ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Ermenistan bilen Azerbaýjanyň liderini parahatçylyk sammiti üçin Waşingtona çagyrmagy bilen Ak Tamda taryhy pursatlar başdan geçirildi. Parahatçylyk sammiti bilen Sowet soýuzynyň dargamagyndan bäri dowam edýän çaknyşyklardan biri bes edilen ýaly görünýär.
Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, ABŞ bilen täze strategik şertnamanyň baglaşylmagyndan soň, ýurtlaryň arasynda onlarça ýyldan bäri dowam edýän düşnüşmezlikleriň parahatçylykly ýagdaýda çözüljekdigine ynanylýan bilelikdäki jarnama gol goýdy.
Taraplar biri-biriniň halkara derejesinde ykrar edilen serhetlerinden ýer talap etmezden biri-birini ykrar eder
Liderler Ak Tamda geçirlen parahatçylyk sammitiniň çäginde Ermenistanyň günortasynda geçýän dar zolak arkaly Azerbaýjan bilen Nahiçewany birleşdirýän tranzit ýoluň gurulmagy boýunça ylalaşyk gazandy.
Tramp Halkara parahatçylyk we durnuklylyk liniýasy(TRIPP) hökmünde atlandyryljak bu koridor, 99 ýylyň dowamynda ABŞ-nyň goldaw bermägindäki işewür konsorsium tarapyndan dolandyrlar.
Transport koridory meselesi ýaňy ýakynda gün tertibine getirlen mesele däl. Bu mesele onlarça ýyldan bäri gün tertibinde esasy orun eýeleýär. Emma Ermenistan 1990-njy ýyllarda bu korydoryň ulanylmagyny bökdedi.
Ikinji Garabag söweşinden soň bu pikir Zengezur koridory hökmünde gün tertibinde getirildi, emma hiç hili öňe gidişlik edilmedi.
Transport koridorynyň açylmagy ähli taraplar taýdan bähbitli bolar.
Türkiýe taýdan ser salnanda Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy diýseň möhüm.
Ilkinji nobatda Türkiýäni Ýewraziýanyň merkezine baglaýan transport ýollary has durnukly bolar.
Häzirki wagtda Türkiýäniň esasy transport ýoly Gruziýa arkaly Azerbaýjana, soň Hazar deňizini geçip Orta Aziýa tarap gidýär. Uly synagdan geçen bu ýol Türkiýäniň sebitara aragatanşyk merkezi bolmagynda uly rol oýnady.
Baku-Tbilisi-Kars demir ýoly, Baku-Tbilisi-Jeýhan we Günorta gaz koridory ýaly turba geçirijiler Türkiýäniň halkara bazarlara girmeginde uly rol oýnady.
Tramp Halkara parahatçylyk we durnuklylyk liniýasy ýokarda ady agzalýan geçirijiler bilen bäsleşmegi däl eýsem olary tamamlamagy maksat edinýär.
Nahiçewandan, Ermenistandan we Azerbaýjandan geçýän ikinji liniýanyň goşulmagy söwda gatnaşyklary taýdan diýseň möhüm.
Gruziýa koridory sebitara durnuksyzlyk ýada geo syýasy wakalar sebäpli ýapylan halatynda Türkiýe gündogar söwdasynyň howpsuzlygyny üpjün eder.
Mundan başgada bu koridor Türkiýäniň Ýewraziýadaky Türki dilli döwletler bilen ýakyn aragatnaşygyny ýola goýar. Bu bolsa Türki döwletleriň guramasy bilen has ýakyn utgaşyklygy ýola goýmak üçin uly geosyýasy üstünlikdir.
2009-njy ýylda Türk geňeşi ady bilen gurlan Türki döwletleriň guramasy, türki halklaryň medeni, taryhy we dil taýdan umumy baglaryny çuňlaşdyrmagy, şeýle-de ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýär.
Ikinjisi bolsa Ýerewan bilen Bakuwyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy, Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin syýasy taýdan uly mümkinçilik döredýär.
Türkiýe bilen Ermenistan soňky ýyllarda dartgynly günleri başdan geçirdi. Türkiýe 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň Ermenistanyň garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden ýurtlardan biri boldy.
Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklary 1990-njy ýyllaryň başynda Ermenistanyň Azerbaýjany basyp almagy sebäpli bozuldy.
Türkiýe 1993-nji ýylda ermeni güýçleriniň çaknyşyklarda basyp alan ýeri bolan Azerbaýjanyň Kelbejer sebitinden çekilmegi üçin çagyryş berýän BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararyna goldaw berdi.
Şol ýylyň ahyrynda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar bes edildi. Türkiýe Ermenistan bilen bolan serhetlerini ýapdy. Şol günden bäri Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar uly synagdan geçýär
2023-nji ýylyň sentýabr aýynda ähli ýerleriniň yzyna alynmagyndan öň Azerbaýjan 2020-njy ýyldaky Ikinji Garabag söweşinde Ermenistan tarapyndan 1990-njy ýyllarda ele geçirlen ýerleriniň esasy bölegini yzyna aldy.
Azerbaýjanyň 2020-njy ýylyň noýabr aýynda Kelbejeri yzyna almagynyň Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň kadalaşmagyna iteri berip bermejekdigi meselesi ünsleri özüne çekdi.
Kelbejer meselesinden daşary, Ankara hemişe Ýerewan bilen gatnaşyklaryň Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşandan we parahatçylyk şertnamasy baglaşylandan soň mümkin boljakdygyna ünsi çekdi.
Parahatçylyk şertnamasynyň Ermenistanda we Azerbaýjanda tasyklaýyş etabynyň dowam edýän günlerinde Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklary taýdan täze pursatlar ýüze çykyp biler.