SYÝASAT
2 minut okamak
Erdogan Kataryň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Hamas hüjümlerde katarly howpsuzlyk gullukçysy bilen birlikde 6 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.
Erdogan Kataryň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
September 10, 2025

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamad Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

 Prezident Erdogan bilen Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamad Al Sani telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Dohada Hamasyň adyndan gepleşikleri alyp barýan wekiliýete garşy guralan hüjüm hakynda pikir alyşdy.

Mesele hakynda berlen beýannamada, iki lideriň hüjüme garşy görüljek degişli çäreler hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Şehitler üçin gynanç bildiren Prezident Erdogan, Türkiýäniň Katar döwletine we halkyna goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Prezident Erdogan türk sosial media platformasy NSosial arkaly beren habarnamasynda hüjümi berk ýazgardy we “doganlyk ýurda guralan hüjüm halkara hukugynyň basgylanýandygyny görkezýär” diýdi.

“Ysraýylyň Katarda Hamasyň adyndan gepleşikleri alyp barýan wekiliýete garşy guran hüjümi, Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň çaknyşyklaryň möwjemegini isleýändigini ýene-de bir gezek açyk-aýdyň görkezýär” diýen Erdogan, terrory döwletiň esasy syýasatyna öwürenleriň üstünlik gazanyp bilmejekdigini belledi.

Erdogan “Ysraýylyň hüjüm ediji syýasatyna garşy göreşmäge dowam ederis. Palestin halkynyň azatlygyna goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Hüjümden soň Türkiýäniň Dohadaky ilçihanasy, wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny mälim etdi we türk raýatlaryna Katarly ýolbaşçylaryň beren duýduryşlaryna üns bermekleri üçin çagyryş berdi.

Ysraýyl, ABŞ tarapyndan goldaýan Gazada hüjümleriň bes edilmegi maksady bilen geçirilýän gepleşiklere gatnaşýan Hamasly wekiliýete garşy Kataryň paýtagty Dohada hüjüm gurady.

Hamas ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hüjümden halas bolandygyny, emma Hamasyň adyndan gepleşikleri alyp barýan wekiliýetiň ýolbaşçysynyň ogly we katarly howpsuzlyk gullukçysy bilen birlikde 6 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Katar, ABŞ we Müsür bilen birlikde Ysraýyl tarapyndan 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri guralýan we 64 müňden gowrak palestinliniň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümleriň bes edilmegine töwellaçylyk edýär.

 

ÇEŞME:TRT
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us