“Wall Strit Jornal” gazetinin anna güni amerikaly resmilere esaslandyrýan habarynda beýan edilmegine görä Pentagon Ukrainanyň Amerikan önümi uzak aralyk üçin niýetlenen Taktiki raketa ulgamlaryny Russiýadaky pozisiýalary urmak üçin ulanmagyny gadagan etdi. Bu ýagdaý Kiýewiň Moskwanyň basyp alyşyna garşy goranyşda adybir ýaraglaryň ulanylmagyny çäklendirýär.
Habar ABŞ-nyň Prezidenti Donld Trampyň üç ýyldan bäri dowam edýän uruşda Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ýaraşyk ylalaşygynyň gazanylmagy meselesinde garaşýan tamasynyň puja çykan günlerinde çap edildi.
Tramp, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygyndan we soň ýewropaly liderler hem-de Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen geçiren gepleşiklerinden anyk netije alyp bilmänden soň anna güni Russiýa ykdysady sanksiýalaryn goýulmagyny ýa-da parahatçylyk tapgyryndan çekilmegi gaýtadan seljerýändigini beýan etdi.
Tramp: “Näme etjekdigimize karar berjek we ol iňňän möhüm karar bolar. Ýa uly sanksiýalar ýa-da ýokary tarifleri girizeris ýa-da bolmasa hiç zat etmän bu siziň söweşiňiz diýeris” diýdi.
Tramp Putin bilen Zelenskiýniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirmegi tama edýärdi. Emma ol hem garaşylýan netijäni bermedi. Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow anna güni “NBJ” ýaýlymyna beren beýanatynda Zelenskiý bilen duşuşmagyň gün-tertibinde bolmandygyny aýtdy.
Lawrow häzirki wagtda haýsydyr bir duşuşygyň meýilleşdirilmeýändigini nygtap; “Putin sammit üçin gün-tertibi taýýar bolanda Zelenskiý bilen duşuşmaga taýýar. Emma häzirki wagtda şol gün-tertibi taýýar däl” diýdi.
Ak Tam Putini ýaraşyk gepleşiklerine gatnaşmaga razy etmäge çalyşýar. ABŞ Pentagonda kabul edilen karara laýyklykda Ukrainanyň Russiýa hüjüm guramagynyň öňüni aldy.
“Wall Strit Jornal” gazetiniň harbar bermegine görä uzak aralyklar üçin niýetlenen ýaraglaryň ulanylmagy hakyndaky soňky karar Goranmak ministri Pet Gegset tarapyndan kabule dildi.