DÜNÝÄ
1 minut okamak
Putin Ukrainada söweşen demirgazyk koreýaly esgerleriň gahrymançylyklary hakynda öwgüli sözler aýtdy
Koreýanyň garaşsyzlyk gününi gutlan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, rus güýçlerine Ukrainada uly kömek beren demirgazyk koreýaly esgerler hakynda öwgüli sözler aýtdy.
Putin Ukrainada söweşen demirgazyk koreýaly esgerleriň gahrymançylyklary hakynda öwgüli sözler aýtdy
August 15, 2025

Demirgazyk Koreýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň anna güni beren habaryna görä, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kime ýazan hatynda, Ukrainada rus güýçleriniň hatarynda söweşýän demirgazyk koreýaly esgerleri “gahryman” hökmünde häsiýetlendirdi.

Putin Koreýanyň ýapon häkimiýetinden halas bolan günü mynasibetli ýazan hatynda, Sowet Gyzyl goşuny bilen Demirgazyk Koreýanyň ýaragly güýçleriniň, Ýaponiýanyň basyp alyşlygyndan halas bolmak üçin birlikde söweşendigini ýatlatdy.

Demirgazyk Koreýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdesinde berlen hata görä, Putin “Söweş ýyllarynda başlan dostluk gün saýyn pugtalanmak bilen dowam edýär”diýdi.

Demirgazyk Koreýaly esgerleriň Kursk sebitiniň yzyna alynmagynda uly rol oýnandygyny nygtan Putin “Rus halky, olaryň gahrymançylygyny asla ýatdan çykarmaz” diýip belledi.

Geçen ýyl Putiniň Demirgazyk Koreýa guran döwlet saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda goranyş şertnamasynyň baglaşylmagyndan soň Russiýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk has-da pugtalanýar.

Aprel aýynda Demirgazyk Koreýa, ilkinji gezek rus güýçleriniň hatarynda Ukrainada söweşmek üçin harby topar ugradandygyny boýun aldy.

Günorta Koreýanyň we Günbatarly ýurtlaryň razwetka gulluklary Demirgazyk Koreýanyň 2024-nji ýylda Russiýanyň Kursk sebitinde 10 müňden gowrak esger ugrandygyny we raketalar bilen birlikde ýarag kömegini berendigini mälim etdi.

Resmi Seula görä, Russiýa üçin söweşýän demirgazyk koreýaly 600 esger ýogaldy, müňlerçe esger ýaralandy.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us