DÜNÝÄ
1 minut okamak
Waşingtondaky Milli goragçylar ýarag götermäge başlady
Birleşen wezipeli topar-DC-niň metbugat sekretary, goraçylaryň DC-den 6 ştatdan ugradyljak esgerleriň M4 karabinleri we M17 sapançalary ýaly adaty ýaraglary göterjekdigini mälim etdi.
Waşingtondaky Milli goragçylar ýarag götermäge başlady
16 hours ago

ABŞ-nyň Milli goragçylarynyň Waşingtonda iş alyp barýan agzalary ýarag götermäge başlady.

Mesele hakynda ýekşenbe güni berlen beýannamada, “saklananlaryň bolup biljekdigi we munyň tussag edilşiklere sebäp bolup biljekdigi” barada duýduryş berildi.

“Ze Waşington Post” gazetiniň berýän habarynda, Prezident Trampyň, ABŞ-nyň paýtagtyndaky howpsuzlyk güýçleriniň federal derejede jogapkärçilik almagynda harby goşunyň uly rol oýnaýandygyna üns çekilýär.

Birleşen topar DC-niň metbugat gullugyndan berlen beýannamada, Milli goragçylaryň agzalarynyň adaty ýaraglar bilen üpjün ediljekdigi, şol çäkde DC-de 6 ştatda iş alyp barjak hünärmenleriň M4 karabinleri we M17 sapançalaryny göterip biljekdigi nygtaldy.

Milli goragçylaryň ýekşenbe güni Union stadionynda ýarag götermäge başlandygy görüldi.

Birleşen topar tarapyndan berlen beýannamada, “Milli goraçylaryň wezipesi, Waşingtondaky ýerli we federal howpsuzlyk güýçlerine kömek bermekden ybarat”diýildi.

Waşingtonda iş alyp barýan Milli goraçylara goldaw bermek maksady bilen Günbatar Wiržiniýa Günorta Karolina, Missisipi, Ogaýo, Luiziana we Tennessi ştatlaryndan 1900-den gowrak esger ugradyldy. Respublikan partiýa tarapyndan dolandyrylýan ştatlardan gelen esgerler geçen hepde paýtagt Waşingtonda iş alyp barmaga başlady.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us