Döwlet habarlar gullugy tarapyndan ýekşenbe güni berilen beýanatda aýdylmagyna görä Demirgazyk Koreýanyň Lideri Kin Çen İn, Phenýanyň Seuly serhetde dartgynlygy hasam artdyrýandygyny nygtap, iki sany “täze” howa goranyş raketasynyň synagdan geçirilmegina gatnaşdy.
Beýannamada şenbe güni geçirilen synag atyşynda iki raketa ýarag ulgamynyň “ýokary söweş ukybyna” eýediginiň tassyklanandygy nygtaldy.
Habarda täze raketalar hakyynda giňişleýin maglumat berilmän dine “işleýiş we reaksiýa ukybynyn taýsyz hem-de özbolyşly tehnologiýa” eýedigi beýan edildi. Synagyn nirede geçirilendigi hakynda-da haýsydyr bir maglumat berilmedi.
Habarlar gullugy; “Atyş, esasanda iki görnüşde ýaragyň tehnologik ozbolyşlyklarynyn dürli awia pozisiýalary ýok etmek üçin iňňän amatlydygyny sübut etdi” diýip, mälim etdi.
“Iňňän uly başlangyç”
Koreýa Respublikasynyň goşuny şenbe güni beren beýannamasynda sişenbe güni iki ýurdy biri-birinden aýyrýan we agyr ýaraglaryň ornaşdyrylan araky zolagyna gysga möhletli geçen birnäçe esgere duýduryş odunyň açylandygyny habar berdi.
Phenýanyň döwlet habar beriş serişdeleri goşun generaly Çon-çholyň bu wakany “meýilleşdirilen we bilkastlaýyn meçew berme” hökmünde habar berdi.
Çon-çhol; “Bu köp sanly goşun birikmesinin ornaşan günorta serhet zolagyndaky ýagdaýy gözegçilik edilmesiz ýagdaýa getirjek howply başlangyçdyr” diýdi.
Koreýa Respublikasynyň täze lideri Li Je Mýon ýadro ýaragyna eýe bolan Demirgazyk bilen has gyzgyn gatnaşyklary ýola goýmagy nazarda tutýandygyny we “harby ynam” döretmek üçin söz berendigini beýan edipdi. Emma Pýehýan Seul bilen gatnaşyklary ösdürmäge niýetniň ýokdugyny beýan etdi.