Palestinalylar Gaza şäheriniň demirgazyk-gündogaryndan köpçülikleýin göçürilmäge başlandy. Ysraýylyň harby güýçleri demirgazykdan we günortadan hüjümlerini güýçlendirýärler, etraplary howa hüjümleri, artilleriýa ody we partlaýjy ýüklenen robotlar bilen bombalaýarlar.
Palestinaly howpsuzlyk habar çeşmesi Anadoly habarlar gullugyna beren maglumatynda, Gaza şäheriniň gündogar etraplarynda ýagdaýlaryň gyrgynçylyk derejesiniň örän ýokary bolmagy sebäpli "örän çalt erbetleşýändigini" aýtdy.
Şol bir çeşme Ysraýyl goşunynyň günorta we demirgazyk-gündogar sebitlerinde weýrançylygyny artdyrandygyny aýtdy. Anadoly habarlar gullugynyň habarçysy ýaşaýjylaryň Gaza şäheriniň günbataryna ýa-da günortasyna gaçýandyklaryny habar berdi.
Gazanyň günortasyndaky al-Sabra etrapçasynada bombaly hüjümleriň guralýandygy aýan edildi.
Ysraýyl anna güni Gaza şäherini "howply söweş zolagy" diýip yglan etdi we genosid başlanyndan bäri iň agyr bomba hüjümlerinden birini amala aşyrdy. Hüjümler howadan, gury ýerden we deňizden şol bir wagtyň özünde amala aşyrylýar.
Palestinanyň ýaşaýyş sebitiniň iň uly şäher merkezi bolan Gaza şäherinde bir milliona golaý palestinaly henizem kyn ýagdaýda.
Bu hüjümler, şu aýyň başynda tassyklanan we Gaza şäherinden başlap, Gaza zolagyny ýuwaş-ýuwaşdan täzeden basyp almak meýilnamasynyň bir bölegi hökmünde amala aşyrylýar. Meýilnamanyň Gaza şäherindan başlanmagy göz öňünde tutulýar. Bu şäher sebitiň ilatynyň takmynan ýarysynyň ýaşaýan ýeri bolup durýar.
BMG-niň Palestinaly bosgunlar boýunça agentligi (UNRWA) bu kampaniýanyň bir million adamyň öýlerini ýene-de terk etmegine sebäp bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.