Russiýanyň Döwlet habar gullugy RIA Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa salgylanyp, Russiýa bilen ABŞ-nyň Ukrainadaky konflikt bilen baglanyşykly dowam edýän dartgynlylygyň arasynda indiki tapgyra utgaşdyrmak isleýändiklerini aýdandygyny habar berdi.
Mariýa Zaharowa RIA habarlar gullugyna beren beýanatynda, Kiýewiň we onuň ýaranlarynyň Ukrainadaky çaknyşyklary çözmek üçin parahatçylyk mümkinçiligini ret etdiler. Şonuň üçin diplomatik ösüşiň geljegi näbelliligine galýar.
Russiýa Kiýewe howa hüjümleirni gurady
Beýleki tarapdan, Ukrainanyň harby-howa güýçleri raketa we uçarmansyz howa hüjümleri barada duýduryş berip, tutuş ýurt boýunça howa hüjüm duýduryşyny berdi. Harbylar Russiýanyň howa hüjümini yzyna serpikdirmek üçin Kiýewde howa goranyş birikmeleriniň ýerleşdirilendigini habar berdiler.
Kiýewiň şäher harby dolandyryş gullugynyň başlygy Timur Tkaçenko "Telegram" hasabyndan beren beýanatynda: "Howa goranyş ulgamy Kiýewde işjeňdir! Howa hüjümi duýduryşy gutarýança çenli gaçybatalgalarda boluň!" diýip habar berdi.
Russiýa geljekki Ukraina bilen bagly gepleşikleri territorial bähbitleri ykrar etmek bilen şertlendirdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ozal Moskwanyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda gepleşikleriň dowam etmegine garaşýandygyny, emma "täze territorial hakykatlaryň" ykrar edilmelidigini we täze howpsuzlyk kepillik ulgamlarynyň döredilmelidigini aýtdy.
Lawrow, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda çap edilen resminama görä "Parahatçylygyň dowamly bolmagy üçin täze serhet hakykatlary ... halkara hukugy nukdaýnazaryndan ykrar edilmeli we düzgünleşdirilmeli" diýdi.
Lawrow: "Russiýa we Ukraina üçin howpsuzlyk kepillikleriniň täze ulgamy Ýewraziýadaky deň we bölünmez howpsuzlygyň kontinentara arhitekturasynyň aýrylmaz elementi hökmünde döredilmeli" diýdi.
Lawrow, Ukrainanyň NATO-nyň düzümine goşulmagyna garşy Moskwanyň dowam edýän garşylygyna gytaklaýyn salgylanyp, "Ukraina bitarap, bloksyz we ýadrosyz bir statusyň kepillendirilmelidigini" aýtdy.