Indoneziýanyň paýtagty Žakartada ýurduň ähli şäherlerinde bir hepdeden gowrak dowam eden we käbirlerinde çaknyşyklaryň başdan geçirilen protest aksiýalaryndan son anna güni köçeler asudalaşdy. Ýurtda şol bir wagtda Muhammet pygamberiň doglan güni mynasybetli dynç alyş yglan edildi.
Talyplar, zähmetkeşler we hukuk talap ediji toparlaryň başda durmagyndaky biynjalyklyk ilki başda halk deputatlarynyň öý kireýlerine bolan gahar-gazap bilen başlapdy, emma Žakartadaky mitinglerden birinde polis ulaglaryndan birinin motosikl sürüjisine güýçli kakmagyndan soň hasam güýçlendi. Protest aksiýalary gysga möhletde beýleki şäherlerde-de başlady.
Halk deputarlarynyň artykmaçlyklary we polisiň gören çäreleri
Penşenbe güni talyp toparlary halk deputatlaryna berilen artykmaçlyklaryna we polisiň demonstrantlara gören çärelerine bolan nägileligini beýan etmek üçin ministrler kabinetiniň agzalary bilen duşuşdy. Topar hepdäniň başynda parlamentariler bilen hem duşuşdylar. Emma Prezident Prabowo Subianto bilen duşuşmak ugrundaky tagallalary henize çenli başa barmady.
Adam hukuklaryny goraýyjy toparlar protestleriň agyr netijesinin bolandygyny beýan edýär. Adam hukuklaryny goraýyjy gurama howpsuzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşyklaryň we beýleki biynjalyklyryň dowamynda azyndan 10 adamyň ölendigini, müňden gowrak adamyň ýaralanandygyny beýan etdi.
Resmiler adam hukuklaryny goraýyjy toparyň giň gerimli gysyş atlandyran wakalarynda ýurtda jemi 3 müň adamy tussag etdi.
Hökümet jedelli ýaşaýyş jaý kireýi kömegini ýa-da howpsuzlyk güýçleriniň çemeleşmesini seljerip seljermejekdigi hakynda henize çenli beýanat bermedi. Ol dynç alyşdan soň asudalygyň dowam edip etmejekdigi bilen bagly näbellilik döredýär.