ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý we Ýewropa liderleri bilen geçiren duşuşygyndan soň ýakyn wagtda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen söhbetdeş boljakdygyny aýtdy.
Ak Tamda ABŞ-nyň tehnologiýa ýolbaşçylary geçirlen agşam naharynda, žurnalistleriň biriniň Kremliň lideri bilen söhbetdeşlik geçirip-geçirmejekdigi bilen bagly soragyna Tramp: “Hawa, söhbetdeşlik geçirerin” diýip jogap berdi.
Bu beýanatlar Russiýanyň Ukraina garşy täze hüjümler tolkunynyň amala aşyrýan wagtyna gabat geldi.
Harkow sebitinde penşenbe güni gije Russiýanyň Hotymlia obasyna uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminde üç adam ýogaldy. Sebitiň häkimi Oleg Synegubow ýogalanlaryň käbirleriniň ýol bejeriş işgärleri bolandygyny belläp: "Iki erkek we bir zenan öldürildi, başga-da iki adam ýaralandy" diýdi.
Howa hüjümi bilen bagly duýduryşlar Harkow, Çernigow, Zaporožýe, Dnepropetrowsk we Sumy sebitlerinde anna güni irdene çenli dowam etdi.
Bu hüjümler Ýewropa liderleriniň Putine ýaraşyk ýa-da parahatçylyk şertnamasy üçin basyş etmek baradaky täze tagallalaryň edilýän mahaly boldy. Penşenbe güni, ondan gowrak ýurt potensial parahatçylyk şertnamasyndan soň Ukrainada ýerleşdiriljek we Russiýanyň mundan beýläkki agressiýasynyň öňüni almaga gönükdirilen "kepillik güýjüne" goşant goşjakdygyny aýtdy.
Emma Moskwanyň gepleşiklere kän bir gyzyklanmaýandygy baradaky aladalar artýar. Putin şu hepde Pekine guran sapary wagtynda kabul ederlikli parahatçylyk şertleri ýerine ýetirilmese Russiýanyň söweşini dowam etdirjekdigini aýtdy.
Ukraina urşy eýýäm 3 ýyldan gowrak wagt bäri dowam etmek bilen birlikde, uruşda on müňlerçe adam ýogaldy we millionlarça adam ýaşaýan ýerlerinden başga ýerlere göçürildi. Günbatar liderleri çözgüt üçin basyş etmegi dowam etdirýärkä, soňky hüjümler konfliktiň dowam edýän zorlugyny ýene bir gezek äşgär etdi.