DÜNÝÄ
1 minut okamak
Portugaliýada tramwaýyň relsden çykmagy netijesinde 15 adam ýogaldy, 18 adam ýaralandy
Portugaliýanyň paýtagty Lissabon şäherinde başdan geçirlen tramwaý heläkçiliginde 15 adam ýogaldy, 5-siniň saglyk ýagdýay agyr jemi 18 adam bolsa ýaralandy.
Portugaliýada tramwaýyň relsden çykmagy netijesinde 15 adam ýogaldy, 18 adam ýaralandy
4 de septiembre de 2025

Ýurduň metbugatynda berlen habarlara görä, Lissabonyň ajaýyp desgalarynyň biri bolan, meşhur syýahatçylyk mekany Gloriýa tramwaýy ýerli wagt bilen 18: 00-da relsden çykdy.

Tramwaý heläkçiliginde 15 adam ýogaldy, 5-siniň saglyk ýagdaýy agyr jemi 18 adam bolsa ýaralandy.

Portugaliýanyň prezidenti Marselo Rebelo de Sousa beren ýazmaça beýanatynda heläkçilikde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygyny tassyklady we gynanjyny bildirdi.

Sosial mediadaky wideoda tramwaýdan tüsse çykýandygyny we galyndylary aýyrmaga synanyşýan adamlaryň bardygyny görüp bolýar.

Beýleki tarapdan, heläkçilik sebäpli Portugaliýanyň hökümeti ýurt derejesinde 1 günlük milli ýas yglan eden bolsa, Lissabonyň şäher häkimligi bolsa 3 günlük ýas yglan etdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us