ABŞ-nyň döwlet sekretarlygy Prezident Donald Trampyň wyza we migrasiýa düzgünleri boýunça düzgünleri berkitmek boýunça syýasatynyň çäginde wyza alan 55 million daşary ýurtlynyň ählisiniň yzgiderli seljermäge degişlidigini beýan etdi.
Döwlet sekretarlygynyň resmisi penşenbe güni beren beýannamasynda; “Sekretarlygyň yzgiderli gözegçilik tapgyry häzirki wagtda güýjüni saklaýan Amerikan wyzasyny alan 55 milliondan gowrak daşary ýurtlynyň ählisine degişli” diýdi.
Resmi; “Döwlet sekretarlygy wyza düzgünlerini bozmak, jenaýata goşulyşmak, döwlet howpsuzlygyna wehim salmak, haýsydyr bir terror aksiýasyna goşulmak ýa-da terror guramasyna goldaw bermek ýaly potensial düzgün bozmalar anyklanan halatynda wyzalar bes edilýär” diýdi.
Resmi ähli wyzalaryň işjeň görnüşde seljerilýändigini aýtmakdan çetde duran hem bolsa, döwletiň wyza alan her bir adamy şol syýasatyň çäginde seljerýändigini çürt-kesik aýtdy.
Adynyň tutulmagyny islemedik resmi, esasanda talyplar üçin gözegçiligiň berkidilendigini nygtap; “Talyp wyzalarynyň ählisini seljerýäris” diýdi we ýüz tutanlaryn indi talap edilýän sosial media hasaplarynda “adamlaryň näme diýýändiklerini yzgiderli seljerýandiklerini” sözleriniň üstüne goşdy.
Döwlet sekretary Marko Rubio esasanda Ysraýyla garşy demonstrantlary nazarda tutup, ABŞ-nyň daşarky syýasy bähbitlerine garşy çykýandygy anyklanan adamlaryn wyzalaryny bes etmek üçin seýrek peýdalanylýan kanuna ýüz tutdy.
Döwlet sekretarlygy Rubionyň Tramp bilen bilelikde iş başyna gelmeginden bäri 6 müň wyzany bes edendigini habar berdi. Bu san, geçen ýylyň degişli döwründe Jo Baýden tarapyndan bes edilen wyzalaryň sanyndan döt esse ýokary. Rubio hökümetiň kanuny seljermesiz wyza berip we ony bes edip biljekdigini öňe sürüp, Amerikan raýaty bolmadyklaryň ABŞ-nyň konstitutsiýasy tarapyndan kepillendirilýän söz azatlygy hukugyndan peýdalanyp bilmejekdigini öňe sürýär.
Emma kazylar käbir esasy işlerde şol argumente garşy durdular.
Güýçli kampaniýa
Kolumbiýa uniwersitetinde Palestin üçin geçirilen protestlere öňbaşçylyk eden we kanuny taýdan hemişelik ýaşaýyş rugsadyna eý ebolan Mahmud Halil iýun aýynda kazylardan biri tarapyndan boşadyldy.
Haliliň tussag edilmeginden birnäçe gün soň Joržtown uniwersitetinden Hindistanly alym we Palestin tarapdary talyplardan Badar Han Suriniň tussag edilmegi netijesinde Trampyň syýasaty iş ýüzüne geçdi. Aklawçysy Suriniň ýoldaşynyn palestinlidigi sebäpli tussag edilendigini aýtdfy. Suri maý aýynda boşadyldy.
Resmiler Suriniň tussag edilmeginden soň Palestini goldaýan talyp Mamodu Taalyň yzyna düşdi.
25-nji martda Kolumbiýa uniwersitetiniň talyby Ýunseo Çung geçen bahar aýynda geçirilen protest aksiýasyna gatnaşandygy sebäpli ABŞ-dan deport edilmeginiň öňüni almak üçin Trampyň adminstrasiýasyna garşy kazyýete ýüz tutandygyny habar berdi.
25-nji martda Tufts uniwersitetinde doktorantura okaýan Rumeýsa Öztürk Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylyklaryny tankyt etmegi sebäpli amerikaly resmiler tarapyndan gündiz çagy zamun alyndy.
Resmiler 14-nji aprelde Mohsen Mahdawini raýatlyk boýunça duşuşyk mahalynda tussag etdi. Mahdawi 30-njy aprelde boşadyldy.
Rubio penşenbe güni gara ýolunyň howpsuzlygy we amerikaly ýük ulagy sürüjileriniň hukuklarynyň goralmagyny sebäp hökmünde görkezip, hökümetiň daşary ýurtly ýük ulagy sürüjileriniň wyzalaryny togtadandygyny aýtdy.