Hytaýlyň derejelendiriş guramasy CSCI Penguan, ABŞ tarapyndan gara sanawa alynan rus nebit firmasy Gazproma anna güni ýerli derejede “AAA” kredit balyny berdi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Pekiniň rus energetika firmasy üçin ýerli weksel bazaryny täzeden açmaga taýarlanýandygyny mälim etdi.
CSCI Penguan, “Gazpromyň kredit baly, firmanyň strategik ähmiýetini we rus hökümeti bilen bolan gatnaşyklaryny görkezýär” diýdi.
CSCI Penguan, Gazpromyň kredit balynyň, halkara nebit-gaz senagatyndaky liderligini we Russiýanyň nebit bazarynda oýnaýan uly roluna goldaw berýändigini görkezýändigi bellenildi.
Russiýa bilen Hytaýyň “Sibiriň güýji 2” turba geçirijisini tassyklamagyndan birnäçe gün soň “AAA” baly we durnuklylygy tassyklandy.
Gazprom geçen hepde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Hytaýa guran saparynyň çäginde JSJY Penguanyň Gazproma “AAA” derejesini berendigini mälim edipdi.
“Finansial Taýmes” ýekşenbe güni beren habarynda, hytaýly maliýe firmalarynyň rus energetika firmasy üçin ýerli weksel bazaryny täzeden açmaga taýarlanýandygyny mälim etdi.
Firmalar umuman alnanda Hytaýda weksel satmazdan öň kredit balyny alýar.
CSCI Penguan, Gazprom bilen arabaglanşykly “ýokary syýasy howplara” hem ünsi çekdi.
2022-nji ýylda Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagyndan soň ABŞ tarapyndan Gazproma sanksiýa goýlupdy.
Hytaýly kredit derejelendiriş guramasy, Sanksiýalar we geosyýasy bökdençlikler, firma ýaramaz täsirini ýetirýar we firmanyň 2023-nji ýylda tebigy gazdan alan girdejisinyň we gaz eksportynyň aşaklandygyny mälim etdi.
CSCI Penguan, “Geosyýasy şertler üýtgemäge dowam edýändigi üçin näbellilikler hem dowam edýär” diýdi.
Geçen aý CSCI Penguan, dolulygyna Russiýa degişli orta ululykdaky nebit firmasy Zarubežnefte hem “AAA” balyny beripdi.