DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ispaniýanyň Premýer-ministri Gazadaky genosidiň bes edilmegi üçin 9 çäre hödürledi
Pedro Sançes “Ysraýylyň edýän işi özüni goramak däl, eýsem bigünä adamlary ýok etmekdir” diýdi
Ispaniýanyň Premýer-ministri Gazadaky genosidiň bes edilmegi üçin 9 çäre hödürledi
8 سبتمبر 2025

Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes duşenbe güni beren beýannamasynda “Gazadaky genosidiň” bes edilmegi maksady bilen 9 çäre hödürledi.

Sançes beýannamasynda “Ysraýylyň edýän işi özüni goramak däl, eýsem bigünä adamlary ýok etmekdir” diýdi.

Sançes, Ispaniýanyň 2023-nji ýylda Ysraýyla ýarag satmagy bes edendigini, hökümetiň Ysraýyla ýaragyň satylmagyny gadagan etjek kanun taslamasynyň üstünde işleýändigini nygtady.

Resmi Madrid mundan başgada Ysraýylyň howpsuzlyk güýçlerine ýangyç daşaýan gämileriň Ispaniýanyň portlaryny ulanmagyny gadagan eder.

Goranyş enjamlaryny daşaýan uçarlaryň hem Ispaniýanyň howa giňişligini ulanmagy gadagan ediler.

Premýer-ministr Sançes, Gazadaky genoside goşulan, harby jenaýat eden we adam hukuklaryny basgylan adamlaryň Ispaniýa girmeginiň gadagan ediljekdigini ýatlatdy.

Sançes, “Bu çäreleriň söweşiň bes edilmegi üçin ýeterlik bolmajakdygyny bilýäris, emma Premýer-ministr Binýamin Netanýahuýa basyş etmek we palestin halkynyň gam-gussasyny azaltmak üçin başlangyç bolmagyny umyd edýäris” diýdi.

Beýleki çäreleriň arasynda, Günbatar Şeriadan we Gazadaky bikanun ilatly ýerlerden imporduň gadagan edilmegi, Ispaniýanyň Rafah gümrük geçelgesinde uly jogapkärçilik almagy we Palestin hökümeti bilen birlikde halka azyk we derman kömeginiň berilmegi üçin tagalla etmegi ýer alýar.

Ispaniýa mundan başgada palestinli bosgunlar üçin UNRWA berýän kömegini 10 million ýewro ýagny 11,7 million dollar artdyrar we 2026-njy ýyla çenli Gaza üçin goşmaça 150 million ýewrolyk kömek berer.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us