DÜNÝÄ
1 minut okamak
Gresiýada ýet titredi
Gresiýanyň kenarýaka şäherçesi Nea Styrada ýer titremesi boldy. Ýer titremesinde adam pidasynyň çekilip çekilmändigi hakynda heniz hiç hili maglumat berilmedi.
Gresiýada ýet titredi
a day ago

Gresiýanyň Euboea adasynda 5,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy. Ýer titremesi paýtagt Afinda hem duýuldy.

Afini Milli Geodinamika institutynyň sişenbe güni ir ertir beren beýannamasyna görä, ýerli wagt bilen 00.30-da, halkara wagt boýunça 21.30-da paýtagt Afininiň 45 kilometr demirgazyk gündogarynda ýer titremesi boldy.

Afini Milli Geodinamika instituty,  ýer titremesiniň merkezi bolan kenarýaka şäherçesi Nea Styranyň Gresiýanyň iň uly ikinji adasy bolan Euboeanyň günorta günbatarynda ýerleşýändigini mälim etdi.

Ilkinji kesgitlemelere görä, ýer titremesinde adam pidasy çekilmedi.

Maraton şäheriniň häkimi Stergios Tsirkas, ERT teleýaýlymyna beren beýannamasynda, ýer titremesini “örän güýçli” diýip häsiýetlendirdi.

Ýer titremeleriniň ýygy-ýygyndan duş gelýän sebiti

Maý aýynda Krit adasynda 6,1 bal ululygynda güýçli ýer titremesi bolupdy.

Ýer titremesi Afinidan Müsüre çenli birnäçe ýurtda duýuldy.

Ýanwar we fewral aýlarynda bolsa, Egeý deňizinde Gresiýanyň syýahatçylyk merkezi hasaplanylýan Santorini adasynda ýer titremesi boldy.

Müňlerçe kiçi ýer sarsgyny sebäpli müňlerçe adam adany terk edipdi, emma soň yzyna dolandylar.

Ortaýer deňiziniň günorta gündgarynda birnäçe ýarygyň ugrunda ýerleşýän Gresiýa, ýygy-ýygydan ýer titremelerine sezewar bolýar.

2020-njy ýylda Egeý deňzindäki Sisam adasynda bolan 7 bal ululygynda ýer tiremesi sebäpli Sisamda 2, İzmirde bolsa 100-den gowrak adam ýogalypdy.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us