DÜNÝÄ
2 minut okamak
Eýran Awstraliýanyň ilçini ýurtdan çykarmagyna degişli jogaby berer
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bekaýi “Diplomatik derejede haýsydyr bir nädogry we esasasyz hereket reaksiýa görkezilmegine sebäp bolar” diýdi.
Eýran Awstraliýanyň ilçini ýurtdan çykarmagyna degişli jogaby berer
4 hours ago

Eýran, Awstraliýanyň Tähranyň Sidneý we Melburn şäherlerinde ýewreýlere garşy guralan hüjümlere goldaw bermekde günäkärlenmeginden soň Eýranyň ilçisini ýurtdan çykarmagyna degişli jogabyň beriljekdigini mälim etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary İsmail Bekaýi sişenbe güni beren beýannamasynda “Günäkärlemeleri asla kabul etmeýäris. Diplomatik derejede haýsydyr bir nädogry we esasasyz hereket reaksiýa görkezilmegine sebäp bolar”diýdi.

Awstraliýanyň Premýer-ministri Entoni Albanese ozal beren beýannamasynda, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Sidneýiň Bondi etrabynda ýerleşýän kafeniň oda berilmeginiň we şol ýylyň dekabr aýynda Melburn şäherindäki Adass Ysraýyl sinagogynyň oda berilmeginiň arkasynda Eýranyň bardygyny öne sürüpdi.

Ýokarda ady agzalýan iki hüjümde ýaralanan bolmady.

Awstraliýa, Eýranyň ilçisi Ahmed Sadegh bilen birlikde 3 ýolbaşçyny “islenmeýän adam”hökmünde yglan etdi we ýurdy terk etmekleri üçin 7 gün möhlet berdi.

Awstraliýa şeýle hem Eýrandaky ilçisini yzyna çagyrdy we 1968-nji ýylda açylan Tährandaky ilçihanasynyň işini bes etdi.

Bekaýi soňky çäreleriň Awstraliýadaky içerki wakalar we Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerine garşy geçirlen soňky protestler sebäpli görlendigini aýtdy.

Ysraýyl bilen Awstraliýanyň arasyndaky gatnaşyklar, Premýer-ministr Albaneseniň ýolbaşçylygyndaky merkezi çepçi hökümetiň 11-nji awgustda Palestin döwletini ykrar edýändigi hakyndaky beýannamasyndan soň has-da dartgynlaşypdy.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Palestiniň ykrar edilmegi baradaky karar sebäpli Awstraliýanyň Premýer-ministri Albanesi tankyt edipdi.

Netaýahu, Palestin döwletiniň ykrar edilmegi baradaky kararyň Albaneseniň syýasy durmuşynda “gara tegmil” hökmünde galjakdygyny nygtady.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us