Eýranyň we Russiýanyň döwlet baştutanlary, 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasynyň çökmegi sebäpli Tährana garşy sanksiýalary gaýtadan ulanjakdyklary barada hemle atmaklaryndan soň, Eýranyň ýadro programmasy barada pikir alyşdylar.
Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa, Eýranyň urany baýlaşdyrmak işini çäklendirmek we Halkara Atom energiýasy agentliginiň inspektorlary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek islemese, şertnama laýyklykda ýatyrylan BMG sanksiýalaryna gaýtadan garamak üçin "yza gaýdyş mehanizmini" işjeňleşdirmek bilen haýbat atýarlar.
Eýranyň döwlet habar beriş serişdeleri Eýranyň sişenbe güni Ženewada Ýewropa üçlügi bilen gepleşikler geçirjekdigini habar berdiler.
Kreml duşenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we telefon söhbetdeşliginde "Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly ýagdaýyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny" habar berdi.
Eýranyň prezident diwany, Pezeşkiýanyň Putine Eýranyň "baýlaşdyrmak hukugyny" goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Eýranyň "ýadro ýaragyny öndürmegi maksat edinmeýändigini we asla maksat edinmejekdigini" aýtdy.
Iki ýurt Russiýanyň Ukrainadaky urşunda syýasy, harby we ykdysady gatnaşyklaryny berkitdi.
Eýran gapma-garşylyk döwründe hemişe ABŞ we Ýewropa bilen möhüm ýadro gepleşiklerinden öň Russiýa we Hytaý bilen öz çemeleşmelerini utgaşdyrmaga çalyşdy.
Russiýanyň "Kommersant" gazeti duşenbe güni Moskwanyň "yza gaýdyş" sanksiýalar ideýasyna garşydygyny habar berdi.
Tähran, şertnamanyň yza gaýdyş maddasynyň ýerine ýetirilmeginiň bikanundygyny öňe sürüp, ýewropalylary şertnama boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmezlikde aýyplaýar.
Eýran, şu ýyl Ysraýyl bilen 12 gün dowam eden söweşden soň Ysraýylyň we ABŞ-nyň ýadro desgalaryna guran hüjümlerini ýazgarmazlygy sebäpli, Birleşen Milletler Guramasynyň ýadro gözegçilik gullugy bilen hyzmatdaşlygyny togtatdy.