DÜNÝÄ
2 minut okamak
Siriýanyň Prezidenti Ysraýyl bilen howpsuzlyk şertnamasynyň baglaşylyp bilinjekdigini aýtdy
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara, 1974-nji ýylda gazanylan ylalaşygyň çäginde Ysraýyl bilen geçirilýan howpsuzlyk gepleşiklerinde öňe gidişligiň edilendigini aýtdy.
Siriýanyň Prezidenti Ysraýyl bilen howpsuzlyk şertnamasynyň baglaşylyp bilinjekdigini aýtdy
7 hours ago

Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara, ýekşenbe güni Arap köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren beýannamasynda, Ysraýyl bilen howpsuzlyk şertnamasynyň baglaşylmagy maksady bilen geçirilýän gepleşiklerde öňe gidişligiň edilendigine ünsi çekdi.

“Suriýe TW”-niň berýän habaryna görä, Şara, Damask bilen Tel-Awiwiň arasynda howpsuzlyk şertnamasynyň baglaşylmagy boýunça geçirilýän gepleşikleriň dowam edýändigini we baglaşyljak haýsydyr bir şertnamanyň 1974-nji ýylda gazanylan ylalaşyga esaslanjakdygyny nygtady.

Şaranyň Ysraýyl bilen parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin wagtyň amatly bolmandygyna emma Siriýanyň we sebitiň bähbitleri üçin şertnama baglaşmakdan çekinmejekdigine ünsi çekendigi bellenildi.

Siriýa Arap habalar gullugy “SANA”-nyň berýän habaryna görä, Siriýanyň Daşary işler ministri Asad Hasan Şeýbani hem Parižde Ysraýylly wekiliýet bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň gowşamagy, Ysraýylyň Siriýanyň içerki işlerine goşulyşmazlygy we sebitara durnuklylygyň ýola goýulmagy meselesi seljerildi.

Duşuşykda şeýle hem “Siriýanyň günortasynda ýerleşýän Suweýda welaýatynda atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşygyň dowam etdirilmegi we 1974-nji ýylda baglaşylan Güýçleriň aýrylmagy şetnamasynyň gözden geçirilmegi meselesiniň gün tertibine getirlendigi nygtaldy.

1974-nji ýylda baglaşylan Güýçleriň aýrylmagy şertnamasy

Habar gullugynyň berýän habaryna görä, Suriýa bilen Ysraýylyň arasyndaky gepleşikler ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde geçirilýär.

Gepleşkler “Siriýada howsuzlygy we durnuklylygy güýçlendirmek bilen ýurduň territorial bitewiliginiň goralmagyny” maksat edinýär.

1973-nji ýylyň oktýabr aýyndaky Arap-Ysraýyl söweşinden soň 1974-nji ýylda gol çekişilen Güýçleriň aýrylmagy şertnamasy, taraplaryň söweşýän güýçleriniň aýrylmagyny we iki tarapyň arasyndaky çaknyşyklaryň bes edilmegini maksat edinýärdi.

Şertnama laýyklykda esgerleriň yza çekilmegi üçin Siriýa bilen Ysraýylyň harby pozisiýalaryny biri-birinden aýyrýan Alfa we Brawo ady bilen iki liniýa döredildi.

Iki liniýanyň arasynda BMG-nyň gözegçiliginde araçäk zolak döredildi.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us