ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Alýaskadaky sammiti, Trampyň ileri tutulýan ugur hökmünde beýan eden Ukrainadaky urşy bes etmek bilen birlikde hiç hili şertnama yglan etmezden tamamladylar.
Anna güni Bilelikdäki Elmendorf-Riçardson bazasynda takmynan 3 sagat dowam eden gepleşiklerden soň geçirlen umumy metbugat ýygnagynda Tramp: “Köp sanda, ençeme mesele babatynda ylalaşyk gazandyk. Entek doly ylalaşmadyk birnäçe möhüm ugur bar, ýöne käbir öňegidişlikler gazandyk" diýip belledi. Arka tarapynda "Parahatçylyga gönükdirilen tagallalar" ýazgyly fonuň öňünde çykyş eden Tramp, "Bir ylalaşyk bolýança çenli ylalaşyk ýok" diýip belledi.
Tramp galan meseleleriň nämedigi barada bolsa maglumat bermedi we olaryň Ukraina bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny tassyklamady.
Putin bolsa Russiýanyň çemeleşmesiniň üýtgejekdigi barada yşarat bermedi we çaknyşygy "esasy howpsuzlyga howp" hökmünde beýan edip, hemişelik çözgüdiň “çaknyşygyň esasy sebäpleriniň” ele alynmagynyň zerurdygyny belledi. Moskwanyň beýanatlary Ukrainanyň territoriýasyny bölmek, ýaragsyzlandyrmak, NATO agzalygyndan ýüz öwürmek we hökümetini çalyşmak baradaky talaplaryna degişlidir.
Putin: "Kiýewiň we Ýewropanyň paýtagtlarynyň muňa konstruktiw ýagdaýda düşünmegine we işlere zyýan ýetirmezligine garaşýarys" diýdi.
"Indiki duşuşyk Moskwada"
Putin mundan başgada, Trampyň 2022-nji ýylda Prezident wezipesinde bolan bolsady, urşuň başlamajakdygy baradaky öňe sürmeleri hakynda: "Munuň hakykatdanam şeýle boljakdygyna ynanýaryn" diýdi.
Tramp geçirlek gepleşikler barada NATO agza ýurtlaryň liderlerine, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskä we beýlekilere maglumat berjekdigini aýtdy.
Alýaskadan gaýtmazdan ozal, Tramp žurnalistleriň soraglaryna jogap berip, Putine: “Seniň bilen ýakyn wagtda duşuşaryn diýip pikir edýärin” diýen bolsa, Putin iňlis dilinde “Indiki duşuşyk Moskwada” diýip jogap berdi. Tramp bolsa öz gezeginde “Bu üýtgeşik bir teklip. Bu babatda biraz tankydy belliklere galyp bilerin, emma onuň bolup biljekdigini göz öňüne getirip bilýärin” diýdi.
Sammit ABŞ-nyň sanksiýalaryna sezewar bolan we Ukrainadaky uruş jenaýatlary sebäpli Halkara Jenaýat Kazyýeti tarapyndan gözlenýän Putini diýseň mähirli garşylamak bilen başlandy. Tramp uçuş-gonuş zolagynda Putini garşy aldy, salamlaşyp, ýylgyryp we gyzyl halyda ýöräp garşylady. Şol mahal B-2 bombardir uçar bilen birlikde, ABŞ-nyň harby uçarlary olaryň üstünden uçup geçdiler.
Iki lider, iki garşydaş güýçleriň liderleri adaty bolmadyk hereket bilen ABŞ-nyň prezidentiniň limuzin ulagynda terjimeçi bolmazdan ýolagçylyk etdiler.