SYÝASAT
2 minut okamak
TRT, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gazanyň harabalyga öwrülendigini ýazga aldy
Tel-Awiwiň hüjümleri we alyp barýan açlyk syýasaty sebäpli müňlerçe adam ýogaldy, öýlerinden jida düşdi we açlykdan öldi.
TRT, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gazanyň harabalyga öwrülendigini ýazga aldy
il y a 15 heures

TRT, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri dowam etdirýän hüjümleri sebäpli Gazadaky ýykylşygy howadan ýörite wideo ýazga aldy.

Habarçy Müjahit Özdemir bilen kameraçy Osman Eken, Iordaniýa tarapyndan Gazanyň halkyna howadan ynsanperwer kömeginiň taşlanyş operasiýasyna gatnaşdy. TRT-niň topary Gazanyň dolulygyna ýykylandygyny ýazga aldy. Ysraýylyň howa, gury ýer we deňiz hüjümleri sebäpli on müňlerçe adam ýogaldy. Hüjümler sebitiň harabalyga öwrülmegine sebäp boldy.

Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde azyndan 61 müň 776 adam ýogaldy. Hüjümler sebäpli 154 müň 906 adam hem ýaralandy. Ýykylan binalaryň aşagynda müňlerçe adamyň galandygy nygtalýar.

Birnäçe aýdan bäri dowam edýän gabaw, azyk, suw we derman ýetmezçiligi sebäpli gumanitar krizis gün saýyn agyrlaşýar. Ynsanperwer kömek guramalary Gazada gün saýyn agyrlaşýan şertler hakynda duýduryş berýär. Häzire çenli 106-y çaga azyndan 239 adamyň açlyk sebäpli ýogalandygy nygtaldy. Diňe soňky 24 sagatda 4-i çaga 5 adam açlyk sebäpli ýogaldy.

BMG-na we ynsanperwer kömek guramalaryna görä, Gazanyň infrastrukturasynyň 88 göterimi ýok edildi.

Sebitdäki 2,3 millionlyk ilatyň esasy bölegi 2 milliona golaý adam öýüni terk etmeli boldy. Öýlerinden jyda düşen maşgalalar mekdeplerde ýada wagtlaýyn çadyrlarda ýaşamaga çalyşýar.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri ynsanperwer kömek merkezlerini we wagtlaýyn gaçybatalgalary nyşana almakda günäkärlenýär.

Palestinli ýolbaşçylara görä, maý aýynyň ahyryndan bäri hüjümler sebäpli 1 müň 881 adam ýogaldy, 13 müň 900 adam hem ýaralandy.

Adam hukuklary guramalarynyň we BMG-nyň açlygyň ýarag hökmünde ulanylmagynyň halkara hukugyna bap gelmeýändigi dogrusynda birnäçe gezek duýdyryş berendigine garamazdan Ysraýyl Gazadaky hüjümlerini dowam etdirýär.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us