Dünýä
5 minut okamak
Waşington Hytaýyň Afrikadaky täsiriniň öňüni alyp bilenok
ABŞ dolanşygy Afrikany ileri tutup bilmänsoň, Hytaý sebitdäki täsirini artdyrdy.
Waşington Hytaýyň Afrikadaky täsiriniň öňüni alyp bilenok
2024-nji ýylyň ahyrynda dünýäniň ähli künjeklerinde 76 umumy saýlawlar geçiriler. Şeýle-de, halkara ykdysadyýeti üçin iň ähmiýetli saýlaw ABŞ-yň prezidentlik saýlawy bolar.
22 января 2025 г.

Uzak ýyllardan bäri Waşingtonyň Afrikadaky ykdysady täsiri durnuksyz ýagdaýda dowam edýärdi. Sanksiýalar, syýasy ileri tutulýan ugurlar, elýeterlilikde seçijilik, maýa goýumlarynyň mukdaryny üýtgetmegi ýaly sebäpler bilen ABŞ-nyň sebitdäki täsiri örän peseldi.

Şol sebäpli ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň wezipä girişen ýyly bolan 2021-nji ýyldan bäri bäri ilkinji gezek Afrikanyň Angola döwletine gurajak saparyndan gudrat garaşmaly däldiris.

Saparyň wagty ABŞ-nyň ileri tutýan ugurlary barada geň galdyryjy ýüzlenmeler berýär: Baýden soňky 10 ýylda Saharanyň günortasyndaky Afrika sapar guran ABŞ-nyň ilkinji döwlet baştutany bolar. Ak Tam beren beýanatynda: "Prezidentiň Luanda sapary ABŞ-nyň Afrikadaky hyzmatdaşlaryna ygrarlydygyny görkezýär we kynçylyklaryň hötdesinden gelmek üçin hyzmatdaşlygyň ABŞ-nyň halky we Afrika materigi üçin ähmiýetini görkezýär” diýdi.

Baýdeniň saparynyň maksatlarynyň biri Hytaýyň Angolada we beýleki ýurtlarda barha artýan ykdysady täsirini çäklendirmäge synanyşmakdyr. Emma Hytaýyň möhüm maýa goýumlary we dürli ösüş teklipleri Waşingtonyň bu mümkinçiligi birnäçe ýyl ozal ýitirendigini görkezýär.

Ýurtlaryň ikisi hem Afrikanyň seýrek toprak mineral baýlyklaryna elýeterlilik üçin bäsleşýär. Hytaý esasanam Afrikanyň söwda bazarlaryny we portlaryny ulanmak bilen gyzyklanýar, Waşingtonyň sebitdäki maksatlary; demokratik peselişiň öňüni almak we “meňzeş pikir edýän” harby we söwda hyzmatdaşlyklaryndan emele gelen tory goldamak.

Maýa goýum boşluklary 

Waşington Afrikada köp pudaklaýyn maýa goýumlaryny ösdürmekde hemişe kynçylyk çekýärdi.

 Senagatdan oba hojalygyna, daşky gurşaw maýa goýumlaryndan energiýa maliýeleşdirilmegine çenli Hytaý Afrikanyň geljekdäki ösüş zerurlyklary üçin möhüm pudaklary ileri tutmagy dowam etdirýär. Hytaý-Afrika hyzmatdaşlygy forumy (FOCAC) ýaly platformalar Afrikanyň maliýeleşdiriş zerurlyklaryny Hytaýyň ösüş goldawy bilen sazlaşykly ýagdaýa getirmekde möhüm rol eýeleýär. Şonuň saýasynda Pekin Afrikany döwrebaplaşdyrmagyň lideri hökmünde özüni tapawutlandyryp biler.

Baýdeniň hökümediniň ykdysady taýdan ýeterliksiz galan ýeri şu ýeridir. Energetika ugrunda, Afrikada gaýtadan dikeldilýän energiýa elýeterliligi üçin millionlarça dollar sarp etdi. Emma maýa goýumlarynyň mukdary materigiň artýan maýa goýum talalary bilen deňeşdirilende az boldy.

Beýleki tarapdan Hytaý, ýaşyl energiýa taslamalaryna milliardlarça dollar maýa goýdy we ýeňillikli karzlary Afrikanyň gysga möhletli ösüşine kömek etmegiň usuly hasaplady. Waşington ençeme ýyl bäri Hytaý bergileri we karzlary baradaky duýduryşy gyssagly ýerine ýetirse-de, bergi strasini başyndan geçirýän Afrika ykdysadyýetlerine daşary ýurt maýa goýum akymlaryny artdyrmak boýunça kynçylyk çekdi we olary has hem Hytaýyň orbitasyna itdi.

Syýasy näbellilik Hytaý bilen täsirli bäsdeşligi hasam çäklendirdi. Baýden saýlawdan 40 gün öň Angola sapar guraýar, ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Trumpyň noýabr aýynda häkimiýete gaýdyp gelmegi ähtimal. Şeýle ýagdaý bolsa, 2025-nji ýyla çenli köp pudakly maýa goýumlarda 55 milliard dollary maksat edinýän Baýdeniň Afrika syýasatynyň esasy wadasy ýerine ýetirilmän biler. Şu wagta çenli takmynan 44 million dollar maýa goýum amala aşyryldy.

Trump 2016-njy ýylda Afrika saapr guramakdan ýüz öwürdi we Afrika bilen bagly arassa energiýa maliýeleşdirilmegine we diplomatik gatnaşyklaryna göwni ýetmezçilik etdi. Trumpyň Afrika ýüzlenmesi anykdy: Afrika daşary syýasatda ileri tutulýan ugur däldir.

Beýleki tarapdan bolsa Hytaýyň ykdysady täsiri beýle çäklendirmeleri öz içine almaýar. Şu aý Pekinde geçirilen FOCAC liderler sammitinde Hytaýyň döwlet baştutany Si Szinpin öňümizdäki 3 ýylyň dowamynda Afrika takmynan 51 milliard dollar möçberinde maliýeleşdirjekdigi barada wada berdi, yzygiderli söwda syýasatlarynyň saýasynda Hytaý Saharanyň günortasynda ýerleşýän Afrika ýurtlarynyň iň möhüm söwda hyzmatdaşy bolmagynda galýar.

Afrika ýurtlarynyň 53-si bilen berk gatnaşyklar saklaýan Hytaý, materikde bir million täze iş orunlaryny döretmek ýaly uly syýasy maksatlaryna ýetmäge has ýakyn. Afrika bilen Hytaýyň arasyndaky ägirt uly ykdysady täsiri göz öňünde tutup, Baýdeniň Pekiniň bu sebitdäki esasy maksadynyň "ABŞ-nyň Afrika halklary we hökümetleri bilen gatnaşyklaryny gowşatmak" baradaky çaklamasyny ortadan aýyrmagy zerur.

Bu garaýyş, ABŞ-Afrika gatnaşyklaryna öz içinde baha bermegiň ýerine, Hytaýyň Afrikada täsir döretmek ugrundaky tagallalaryna reaksiýa bildirmek islegini görkezýär.

PGII we “Guşak we Ýol” başlangyçlary

Baýdeniň Luanda sapar guramak karary manylydyr.

Angola ABŞ tarapyndan goldanýan Global infrastruktura we maýa goýum hyzmatdaşlygy (PGII) inisiatiwasynyň söwda marka taslamasy bolan Lobito koridorynda esasy rol oýnaýar.

Koridoryň maksady Angolanyň: Lobito portynyň, Demokratik Kongo Respublikasynyň (KDR) we Zambiýanyň arasyndaky demir ýol aragatnaşygyny berkitmekden ybaratdyr we bu taslama Hytaýyň Afrikadaky Guşak we Ýol başlangyçlaryna (BRI) garşy bir deňagramlylyk elementi hökmünde häsýetlendirilýär.

Emma ol hem gowy netije bermedi. Ilki bilen, Baýden PGII çäginde haýsy ýurtlar bilen iş salyşmalydygy barada has seçiji hereket edýär. Baýden dolanşygy Angola, KDR, Tanzaniýa we Zambiýa bilen geňeşmeleri ileri tutýar; BRI, 52 Afrika döwleti bilen işjeň gatnaşyk saklaýar.

PGII-iň sebitdäki özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin Baýden Afrikanyň günbatary bilen bagly baradaky belliklerini hem ele almalydyr. Ony Eritreýa, Günorta Sudana, Sudana we Zimbabwa garşy girizilen "uzak möhletli sanksiýalary" ýatyrmak baradaky talaplary hem öz içine alýar.

Baýdeniň ilkinji Afrika saparynda ABŞ-nyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary tarapyndan çetleşdirilen milletlere ünsi jemlemegi manyly bolardy. Jedelli sanksiýalara garşy anyk pozisiýa eýelemek, Afrika Bileleşigine (AU) agza döwletleriniň arasynda has köp ynam gazanmak we ABŞ-nyň “Afrika materigindäki umumy kynçylyklary” çözmäge çynlakaýdygyna ynandyrmak üçin tankydy ähmiýete eýedir.

Afrika Bileleşigi sebitde ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny we ykdysady integrasiýa perspektiwalaryny düzmekde möhüm rol oýnaýar. Mundan başgada Waşington hem; Ykdysady, azyk howpsuzlygy, saglygy goraýyş, howa we gowy dolandyryş boýunça ABŞ-Afrika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak üçin Afrika Bileleşigine ynanýar.

PGII üçin ikinji çäklendirme materikara baglanyşyk we energiýa infrastrukturasydyr. Ikisem izolirlenen gurşawda gülläp ösüp bilmez.

Waşingtonyň iň az ösen Afrika döwletlerini PGII-niň sebitleýin energiýa we global söwda gün tertibiniň merkezine goýmagy hökmany. Lobito koridory Angola paortunyň üsti bilen halkara söwda we minerallara elýeterliligi göz öňünde tutýan bolsa, tankydy mineral üpjünçilik zynjyrlaryndan daşary bolan Afrika döwletleri üçin çäkli ýagdaýda peýda getirýär.

Bu PGII üçin strategiki gowşaklyk, sebäbi ulag aragatnaşygy esasanam Afrikadaky möhüm minerallara elýeterlilige gönükdirilendir. Waşington BRI bilen bäsdeşligi tizlikli demir ýollar, porty ösdürmek, köp ulagly ulag ulgamlary we energiýa önümçiligi infrastrukturasy arkaly giňeltmek barada karara gelmese, ykdysady täsiri öz peýdasyna öwürmek we Hytaýyň strategiki hyzmatdaşlarynyň köpüsini öz tarapyna geçirmek kyn bolar.  

ABŞ-nyň Afrikadaky köp pudakly maýa goýumlary we infrastruktura tekliplerindäki çäklendirmeler göz öňünde tutulanda, Baýdeniň Angola saparynyň Hytaýyň täsir döretmek tagallalaryna täsir ýetirjege meňzemeýär.

Bu, ösüş hyzmatdaşlygynyň diňe birnäçe Afrika ýurtlary bilen çäkli galjakdygy we çeşmelere baý bolan bir ýurda sapar guramak üçin uzak wagt ozal berilen wadany ýerine ýetirmek manysyny berýär.

GÖZBAŞY:TRT Turkmen
TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us