“United Airlines” howa ýollary kärhanasy tehniki näsazlyk sebäpli Çikago, Denwer, Newark, Hýuston we San-Fransisko bilen birlikde ýurduň möhüm howa menzillerinde amallary togtatdy, ABŞ-daky esasy uçar saparlaryny goý bolsun etdi.
Federal Awiasiýa edarasy başda diňe Çikago barýan ähli uçarlarynyň uçuş nokatlarynda galmaklary barada görkezme bersede, birnäçe wagt soň şol görkezmäniň gerimini giňeldip, ýurt derejesine näsazlygyň başdan geçirilýändigini mälim etdi.
“United Airlines” howa ýollary kärhanasy bu meseläniň günortana çenli çözülendigini habar berdi, ýöne gijikdirmeleriň agşama çenli dowam edip biljekdigi barada duýduryş berdi.
“United Airlines” beren ýazmaça beýanatynda: "Howpsuzlyk ilkinji nobatda durýar we müşderilerimizi barmaly ýerlerine eltmek üçin işleýäris" diýip belledi.
“United Airlines” sosial ulgamdan beren beýanatynda: "Şu gün syýahatdaky näsazlyklar üçin ötünç soraýarys. Toparlarymyz bu meseläni mümkin boldugyça çalt çözmek üçin işleýärler. Sabyr edeniňiz üçin sag boluň" diýip aýan etdi.
Tehniki mesele çözülen hem bolsa, ýolagçylara bolup biläýjek gijikdirmeler barada duýduryş berildi we howa menziline gitmezden ozal uçuş ýagdaýyny barlamaklary barada maslahat berildi.