ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Alýaska duşuşygynyň öňüsyrasynda Ukrainada söweş bes edilmän halatynda netijesiniň agyr boljakdy barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine duýduryş berdi.
Tramp, çarşenbe güni Waşingtonda beren beýannamasynda, Putin çaknyşyklary bes etmän halatynda Russiýa goşmaça sanksiýalaryň goýulyp goýulmajakdygy hakyndaky soraga “Ewet sanksiýa goýlar we netijesi agyr bolar” diýip belledi.
Tramp, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýniň we beýleki Ýewropaly liderleriň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen duşuşygyň netijeli geçendigini aýtdy.
Ikinji duşuşyk
Ikinji prezidentlik döwründe Putin bilen ilkinji duşuşygyny geçirmäge taýarlanýan Trampyň bu beýannamasy ünsleri özüne çekdi.
Tramp, Alýaskanyň iň uly şäherlerinden biri bolan Ankorižde geçiriljek duşuşykdan öň, Putiniň we Zelenskiýniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygyň geçirlip bilinjekdigini aýtdy.
“Ilkinji duşuşyk netijeli geçen halatynda yzy ýanyndan ikinji duşuşygy geçireris” diýen Tramp, özüniň Putiniň we Zelenskiýniň gatnaşmagynda ikinji duşuşygyň geçirlip bilinjekdigini aýtdy.
Tramp anna güni geçiriljek duşuşygyň oňyn geçmegine garaşýandygyny belledi.