TÜRKIÝE
1 minut okamak
Erdogan Hytaýda geçiriljek ŞHG Sammitine gatnaşar
Hünärmenler Ýewraziýa blogyna degişli ýeke-täk ýurt bolan Türkiyäniň geosyýasy taýdan dartgynly dünýäde Günbatar bilen Global Günorta arasynda köpri wezipesini ýerine ýetirýändigini aýdýarlar.
Erdogan Hytaýda geçiriljek ŞHG Sammitine gatnaşar
August 30, 2025

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 25-nji maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin 31-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli aralykda Hytaýyň Týanszin şäherine sapar gurar. Bu barada Türkiyäniň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran anna güni türk sosial media platformasy NSosyal arkaly habar berdi.

Bu sapar Erdoganyň soňky bäş ýylyň dowamynda Hytaýa gurajak ilkinji sapary bolup, Ankaranyň we Pekiniň arasyndaky strategiki gatnaşyklarynyň ösýän döwrüne gabat gelýär. Maslahatyň dowamynda Erdogan ŞHG-nyň giňeldilen mejlisinde çykyş eder we Hytaýyň Prezidenti Si Szinpin hem-de beýleki gatnaşýan liderler bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirer.

Şu ýylky ŞHG maslahaty global dartgynlyklaryň fonunda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Russiýa-Ukraina ýaraşygy bilen bagly näbellilikler we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň salgyt syýasatlarynyň dünýä ykdysadyýetine täsirleri sammitiň ähmiýetini artdyrýar.

Türkiýäniň Milli Goranmak Uniwersitetiniň Bilelikdäki harby instutitynyň Halkara Gatnaşyklar professory Mehmet Özkan: “Türkiye ŞHG maslahatyna gatnaşmak bilen, öz ornuny görkezmegi, ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmegi we guramanyň çäginde köptaraplaýyn gatnaşyklara goşulmagy maksat edinýär” diýip belledi.  

Mehmet Özkan TRT Worlda beren beýanatynda: “Türkiýe ŞHG-ny bir ýurduň agalyk edýän blok hökmünde garamaýar. Gaýtam tersine Günbatar merkezli halkara düzgüne alternatiwa bolup biljek we beýgelýän köptaraplaýyn bir gurluş hökmünde görýär” diýip nygtady.  

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us