TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiye Simşek atly ýokary tizlikli nyşana uçarmansyz howa ulagyny üstünlikli synagdan geçirdi
Türkiyäniň awiasiýa we kosmos senagaty tarapyndan işlenip düzülen uçar ulgamy, ýokary derejeli resmileriň biriniň maglumat bermegine görä, hem nyşana uçar hem-de kamikaze hüjümleri üçin ulanyp boljak mümkinçilige eýedir.
Türkiye Simşek atly ýokary tizlikli nyşana uçarmansyz howa ulagyny üstünlikli synagdan geçirdi
August 23, 2025

Türkiyäniň goranyş ulgamy ýokary tizlikli nyşanalaýyn uçarmansyz howa ulagy Şimşek taslamasyny üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirildi.

Türkiyäniň Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Haluk Görgün türk sosial media platformasy NSosiala beren beýanatynda, ýokary tizlikli uçarmansyz howa ulagy Şimşek, raketa goldawly uçuş ulgamy bilen ilkinji gezek ýerden uçandygyny hem tälim maksatly nyşana uçar, hem-de kamikaze wezipelerinde ulanmak mümkinçiligine eýedigini habar berdi.

Haluk Görgün beren beýanatynda: “Goranyş senagatymyzyň inwentaryna ýene-de bir möhüm mümkinçilik goşuldy” diýip mälim etdi.

Haluk Görgün: “Bu ädim, dolulygyna milli mümkinçilikler bilen işlenip düzülen tehnologiýalaryň anyk subutnamasydyr we Türkiyäniň operasion çeýeligini ýokarlandyryp, onuň eýmendirme güýjüni güýçlendirer. Geljekki goranyş zerurlyklary üçin innowasion çözgütleri öndürmek baradaky ygrarlylygymyz bilen ýolumyza dowam edýäris” diýip nygtady.

Haluk Görgün Şimşeki işläp düzen TUSAŞ kärhanasyna minnetdarlyk bildirdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us