Emine Erdogan: “Uruşda ýogalan 648 ukrain çaga üçin görkezen şol bir duýgurlygyňyzy has güýçli ýagdaýda 2 ýylyň dowamynda 18 müňi çaga bolan asuda ilatdan jemi 62 müň adamyň rehimsizlik bilen öldürilen Gaza üçin hem görkezjekdigiňize ynanýaryn”
“Gazadaky ynsanperwer krizisi bes etmek baradaky güýçli çagyryşyňyzy öz içine alýan haty Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýaha ibermegiňiz diýseň manyly bolardy. Dünýä köpçülikleýin ýagdaýda oýanmagy başlan, Palestinanyň ykrar edilmeginiň global bir ygtyýara öwrülýän şu günki günlerde, Gazanyň adyndan siz tarapyndan beriljek çagyryşyňyzyň Palestinanyň halky üçin taryhy jogapkärçilik boljakdygyna ynanýaryn”
Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň aýaly Emine Erdogan, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň aýaly Melaniýa Trampa hat iberip, Ukrainadaky uruşda görkezen duýgurlygy edil şonuň ýaly edip Gazadaky ynsanperwerlik krizisine-de duýgurlygy görkezmegini isledi.
Melaniýa Trampa tüýs ýürekden söýgi we hormat bilen salam bermek bilen başlanan hatynda Emine Erdogan, Melaniýa Trampyň Waşingtonda Ak Tamda geçiren duşuşygynda mähirli söhbetdeşlige we hoşniýetli myhmançylyga alty ýyl geçendigine garamazdan henizem ýadynda galýandygyny aýtdy.
Ikiçäk edilen naharlary we howluda geçiren ýörişleri wagtynda Trampyň aýdanlarynyň, gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri bilen bagly duýgurlygy özünde jemleýän wyždana eýe bolandygyny duýandygyny aýdan Emine Erdogan, bu wyždan duýgurlygy Melaniýa Trampyň birnäçe gün ozal Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine ýazan hatynda hem görendigini aýtdy.
"Ukrainadaky ýetim çagalara görkezýän duýgurlygyňyz, ýüreklere umyt döredýän başlangyçdyr"
Trampyň ady agzalan hatynda ýazan adamzadyň umumy duýgurlygyna dilmaç bolandygyny pikir edendigini we bu gymmatly çemeleşmäni tarkdyr edýändigini aýdan Emine Erdogan:
Hatyňyzda aýdyşyňyz ýaly, çagalaryň söýgüli we howpsuz gurşawda ulalmak hukugy ähliumumy we jedelsiz hukukdyr. Bu hukuk haýsydyr bir geografiýanyň, jynsyň, etnik şahsyýetiň, dini toparyň ýa-da ideologiýanyň artykmaçlygy däldir. Şonuň üçin bu hukukdan mahrum edilen ezilenleriň ýanynda durmak, ilkinji nobatda, adamzat maşgalasyna uly jogapkärçiligi ýerine ýetirmegi aňladýar. Bu nukdaýnazardan, esasanam bir lideriň aýaly hökmünde, Ukrainadaky urşuň weýrançylykly täsirleri sebäpli weýran bolan, maşgalalaryň dargap giden we ýetim galan çagalara görkezen duýgurlygyňyz ýüreklere umyt döredýän başlangyçdyr. Sessiz gülkä mejbur edilen ukrain çagalarynyň şatlykly ýylgyryşlaryny yzyna getirmek islegiňiz çuňňur manylydyr. Uruşda ýogalan 648 ukrain çagasy üçin görkezen şol bir duýgurlygyňyzy has güýçli ýagdaýda 2 ýylyň dowamynda 18 müňi çaga bolan asuda ilatdan jemi 62 müň adamyň rehimsizlik bilen öldürilen Gaza üçin hem görkezjekdigiňize ynanýaryn”
"Bir gün çagalar üçin" näbelli esger "adalgasyny ulanarys diýip pikir edip gördüňizmi?
Gazanyň görlüp-eşidilmedik zalymlygyň we biziň döwrümiziň iň agyryly genosidiniň bolandygyny bellän Emine Erdogan hatynda: "BMG Çagalar Gaznasy her 45 minutda bir çaganyň öldürilýän Gazada ýeriň üstüni çagalar üçin "dowzah" we ýerasty "çagalar gonamçylygy "bilen deňeşdirýär. Uruşlarda näbelli esgerleri suratlandyrmak üçin ulanylýan 'näbelli esger' adalgasyny çagalar üçinem ulanarys diýip pikir edip gördüňizmi? Häzirki wagtda ýetim galan, atlaryny anyklap bolmaýan müňlerçe çaganyň kepenlerine ýazylan "näbelli çaga" sözleri wyždanymyzda düzedip bolmajak ýaralary açýar. Çuňňur psihologiki weýrançylyga uçran, gülmegi dolulygyna ýatdan çykaran bu çagalar, ölmek isleýändiklerini mikrofonlara gygyryp aýdýarlar we bigünä ýüreklerinde çydap bolmajak urşuň tükeniksizligini göterýärler. Gazadaky taryhda bu ýetim çagalaryň başyndan geçiren suratlandyryp bolmajak agyrylary we gorkulary bilen saçlaryna ak girendigini ýazýar” diýip belleýär.
“Gaza üçin Netanýaha hat ugradyň” çagyryşy
Emine Erdogan gülküleri dymdyrylan diňe bir Ukrainanyň çagalary bolman, eýsem palestinaly çagalaryň hem şol bir şatlyga, şol bir erkinlige we şol bir abraýly geljege mynasypdygyny aýdyp: " Gazadaky ynsanperwer krizisiň soňuna çykmak baradaky güýçli çagyryşyňyzy öz düzüminde jemleýän hatlaryň birini hem Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýaha ibermegiňiz diýseň manyly bolardy. Dünýä köpçülikleýin ýagdaýda oýanmagy başlan, Palestinanyň ykrar edilmeginiň global bir ygtyýara öwrülýän şu günki günlerde, Gazanyň adyndan siz tarapyndan beriljek çagyryşyňyzyň Palestinanyň halky üçin taryhy jogapkärçilik boljakdygyna ynanýaryn" diýdi.
“Bidüzgünçiliklere garşy seslerimizi we güýçlerimizi birleşdirmelidiris"
Palestinada başdan geçirilýänleriň bir genosidden öte, bir topar adamyň bähbidi we arkaýynlygy üçin her kimiň we hemme zadyň gymmatynyň peselip bilýän özbaşdak halkara ulgamynyň mejbur edilmegi hökmünde hasaplaýan Emine Erdogan, dünýäniň käbir ýerlerinde çagalaryň durmuşyny beýlekilerden has gymmatly hasaplaýan bu ýoýulan tertibe garşy seslerini we güýçlerini birleşdirmäge çagyrdy.
Emine Erdogan halkara hukugynyň kemsidilen kadalaryny we umumy adamzat gymmatlyklaryny gorap, umumy ýörelgeleriň çäginde birleşmäge mejburdyklaryny belläp:
“Diňe şondan soň bu wagşylygyň öňünde gün-günden umytsyzlyga uçran geljek nesilleriň umytlaryny dikeldip bileris. Diňe şondan soň gülküsi dyman çagalara şatlyk getirmek, bütin dünýäde dowamly we hemişelik parahatçylyk hakda aýdyp bileris. Siziň hatyňyzdaky duýgulary bir eje, bir zenan we bir adam hökmünde çuňňur paýlaşýaryn we parahatçylygy we asudalygy isleýän Gazanyň çagalary üçin şol bir umyt döretmegiňizi dileýärin. 335 ok bilen öldürilen 6 ýaşly Hind Rejep we atasynyň şatlyk bilen ýylgyrýan gözleriniň içinden ogşap hoşlaşan 3 ýaşly Rim ýaly mahrum galan 18 müň 885 gazaly bäbek we çaga üçin indi wagt giýç. Emma diri galan 1 milliondan gowrak Gazaly çagalar üçin henizem mümkinçilik bar. Wagty geldi” diýip nygtady.