CBS News tarapyndan penşenbe güni berlen habara görä, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiýniň arasynda ýüzbe-ýüz gepleşikleriň bolup biljekdigi baradaky näbelliligiň bardygyna garamazdan Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylyk şertnamasyny baglaşmak isleýändigini aýtdy.
Donald Tramp CBS News kanalna telefon arkaly beren beýanatynda: “Bu ýagdaýa gözegçilik edýärin, görýärin we Prezident Putin we Prezident Zelenskiý bilen bu babatda gepleşikler geçirýärin. Bir zatlar bolar, emma olar entek taýýar däl. Emma onada-da bir zatlar bolar. Bu işiň hötdesinden geleris” diýip belledi.
Donald Tramp çarşenbe güni beren beýanatynda, awgust aýynda Alýaskada Putin bilen geçiren duşuşygynda öňe gidişlik edilmändigini, emma öňümizdäki günlerde Ukrainadaky uruş babatynda gepleşikler geçirmegi meýilleşdirýändigini habar berdi. Ak Tamyň resmileriniň biri Trampyň penşenbe güni Zelenskiý bilen telefon söhbetdeşligini geçirmegine garaşylýandygyny aýan etdi.
Russiýanyň uzak gündogar sebitinde geçirilen forumlaryň birinde çykyş eden Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa: “Russiýa Ukrainada islendik görnüşde, islendik formatda howpsuzlyga wehim salýan, daşary ýurtlaryň goşulmagyny kabul etmez” diýdi.
Zaharowanyň beýan etmegine görä Russiýa Zelenskiý bilen geçiriljek Ýewropa gepleşiklerinden ozal çemeleşmesini berkidip, Ukrainada daşary ýurt esgerleriň ýerleşdirilmegini “islendik bir formatda” kabul etmejekdigini beýan etdi.