4 septembre 2025
Siriýanyň Içeri işler ministrligi paýtagt Damaskyň Mezzeh etrapçasynda partlamanyň bolandygyny habar berdi.
Çarşenbe güni berlen beýanatda, Damaskyň içerki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Osama Haýr Atkeh partlamanyň howpsuzlyk işgärlerini nyşana alýan partlaýjy enjam sebäpli ýüze çykandygyny belläp: "Toparlarymyz tiz wagdta işe girişdiler we sebiti gabadylar. Bu terrorçylykly hereketiň arkasynda kimiň bardygyny anyklamak üçin derňew başlandy" diýip mälim etdi.
Ministrligiň habaryna görä, bu hadysada hiç hili ýaralanma ýok.
Maslahat berilýär
Resmi Siriýanyň Arap habar gullugy (SANA) hem waka bilen baglanyşykly derňewiň dowam edýändigini tassyklady.
Hüjümiň jogapkärçiligini entek hiç bir topar öz üstüne almady.