SYÝASAT
2 minut okamak
Hamas Gazada tehnokratik dolandyryşyň häkimiýet başyna geçmegini kabul etdi
Hamas ýesir çalşygy, atyşygyň bes edilmegi we uruşda weýran bolan sebitiň gaýtadan dikeldilmegini hem öz içine alýan ylalaşygy kabl etjekedigini beýan etdi
Hamas Gazada tehnokratik dolandyryşyň häkimiýet başyna geçmegini kabul etdi
Hamas Gazada tehnokratik dolandyryşyň häkimiýet başyna geçmegini kabul etdi / AP
17 hours ago

Palestiniň söweşjeň topary Hamas geçen aý töwellaçylar tarapyndan hödürlenen teklibi tassyklaýandygyny we Gazanyň dolandyryşy üçin teknokratlardan ybarat garaşsyz milli hökümetiň döredilmegini kabul edýändigini habar berdi. Indi Ysraýylyň teklibe berjek jogabyna garaşylýar.

Hamasyň beýanatynda: “Hamas henizem 18-nji awgustda töwellaçylar tarapyndan hödürlenen we biz tarapdan kabul edilen teklibe Ysraýylyň berjek jogabyna garaşýar” diýilýär.

Beýannamada Hamasyň ysraýylly äsli ýesirlerin boşadylmagynyň öwezinde Ysraýylyň tussaghanalaryndaky belli sandaky palestinli tussagyň boşadylmagyny öz içine alýan giň gerimli ylalaşygy kabul edýändigi nygtaldy.  

Meýilnama şeýle hem; Gazadaky genosidiň bes edilmegini, Ysraýylyň harby güýçleriniň dolulygyna yza çekilmegini, zerur bolan ynsanperwer kömekleriň geçirilmegine rusag berilmegi üçin gürük geçelgeleriniň gaýtadan açylmagyny we gaýtadan dikeldiş işleriniň başladylmagyny öz içine alýar.

Hamas teknokratlardan ybarat bolan dolandyryşy kabul etmeginiň, ysraýylly resmileriň “ertir” diýip häsýetlendirýän uruşdan soňky döwürde Gazada häkimiýetiň kimde boljakdygy hakyndaky soraga jogap berme tagallasydsygyny nygtady. Ysraýyl bu soragy Gazadaky gyrgynçylygyň uzaldylmagy üçin bahana hökmünde öňe sürüpdi.

Bu beýannama Ysraýylyň mediasynda Premýer-ministr Binýamin Netanýahunyň Halkara Jenaýat kazyýetiniň tussag etek hakyndaky kararyna garamazdan ylalaşykdan ýüz öwürendigi we indi giň gerimli ylalaşygyň gazanylmagyny talap edýändigi baradaky habarlardan soň berildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem çarşenbe güni beren beýannamasynda; “Gazada tussag edilen ähli ysraýylly esgerler boşadylmaly” diýdi.

Hamas we Al Fetih geçen dekabr aýynda Kairde geçirilen gepleşiklerde Gazanyň dolandyryşyny öz üstüne aljak toparyň döredilmegi boýunça ylalaşypdy. Emma Palestiniň hökümeti ony kabul etmän, sebitiň dolandyryşyny gönüden öz üstüne almalydygyny nygtapdy.

Gazadaki gyrgynçylyk sebitiň  esasy bölegini haraba öwürdi. Ysraýylyň 2 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän hüjümlerinde 63 müňden gowrak palestinli öldi, ilatyň esasy bölegi ýerlerinden mahrul boldy we sebitde gytlyk höküm sürýär.

Hamas “teknokratlardan ybarat boljak garaşsyz milli häkimiýetiň” dessine hökümetiň ähli pudaklarynda jogapkärçiligi öz üstüne almagynda ygrarlydygyny beýan etdi.

ÇEŞME:TRT World
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us