DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ruslaryň GPS signalyny bozmagy Baltikada 123 müň uçuşa ýaramaz täsirini ýetirdi
GPS signalynyň bozulmagy diňe aprel aýynda sebitdäki uçuşlaryň 27,4 göterimine ýaramaz täsirini ýetirdi.
Ruslaryň GPS signalyny bozmagy Baltikada 123 müň uçuşa ýaramaz täsirini ýetirdi
8 сентября 2025 г.

Sebit ýurtlarynyň Halkara Raýat Awiasiýasy guramasyna hödürlän habarnamasyna görä, Russiýanyň nawigaziýa signallaryny bozmagy Baltika ýurtlarynyň howa giňişliginde 2025-nji ýylyň ilkinji 4 aýynda 123 müň uçuşa ýaramaz täsirini ýetirdi.

Şwesiýanyň SWT teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, signallaryň bozulmagy ÝB bilen Moskwanyň arasynda dartgynlygyň möwjeýän döwründe täjirçilik awiasiýasyna howp salýan wakalar gün saýyn köpelýär.

Şwesiýaly ýolbaşçylar diňe aprel aýynda signallaryň bozulmagy sebitdäki uçuşlaryň 27,4 göterimine ýaramaz täsirini ýetirendigini we wakalardan Russiýanyň jogapkärdigini mälim etdi.

Şwesiýanyň Transport agentliginiň Awiasiýa bölüminiň ýolbaşçysy Andreas Holmgren STW teleýaýlymyna beren beýannamasynda “Waka alada bildirýäris, sebäbi signal bozmalar gün saýyn köpelýär” diýdi.

Pes orbitadaky täze emeli hemralar goranyşy güýçlendirer

Geçen aý Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýeni alyp barýan uçaryň GPJ signalygynyň Russiýa tarapyndan bozulandygy öňe sürüldi.

Uçarmanlar kagyz kartalary ulanyp bir sagadyň dowamynda uçaryň Bolgariýanyň Plowdiw howa menziline gonmagyny ýola goýdy.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen, rus hüjümlerine garşy durýan ÝB-ne agza ýurtlara sapar guraýardy.

 

 

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us