DÜNÝÄ
1 minut okamak
Pakistanyň demirgazygynda ýeriň süýşmegi sebäpli 7 adam ýogaldy
Gilgit-Baltistan sebitinde sil sebäpli zeper ýetirlen suw kanallarynyň abatlaýyş işleriniň geçirilýän pursatlarynda ýer süýşdi.
Pakistanyň demirgazygynda ýeriň süýşmegi sebäpli 7 adam ýogaldy
il y a 4 heures

Pakistanyň demirgazygynda duşenbe güni ir ertir suw kanallarynyň abatlaýyş işleriniň geçirilýän pursatlarynda ýeriň süýşmegi sebäpli azyndan 7 işçi ýogaldy.

Ýerli hökümetiň metbugat sekretary Faizaullah Farag, Danýor şäherinde başdan geçirlen wakada, ýaňy ýakynda gelen sil sebäpli zeper ýetirlen suw kanalyny abatlaýan üç işiniň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Gözleg we halas ediş toplary harabalygyň aşagynda galanlaryň çykarylmagy üçin uly tagalla etdi.

Gilgit-Baltistan sebitinde iýun aýyndan bäri ýagyşlar we sil sebäpli 17 adam ýogaldy

Apatda ýerli kanalyň habarçysy bilen birlikde birnäçe adam hem dereksiz ýitdi.

Ýekşenbe güni GLOF kölüniň daşmagy sebäpli Pakistany goňşy ýurt Hytaý bilen birleşdirýän Karakurum gara ýolunyň ugrunda köp sanly ýaşaýyş jaýy suwyň aşagynda galdy.

Milli apatlara garşy göreş gullugyna görä, ýurtda 26-njy iýundan bäri ýagyşlar sebäpli bolan heläkçiliklerde 300-den gowrak adam ýogaldy, 700-den gowrak adam hem ýaralandy.

Muson ýagyşlary umuman alnanda Günorta Aziýa ýurduna uly zeper ýetirýär.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us