Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin çarşenbe güni Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yna ukrain güýçlerine garşy söweşde Demirgazyk Koreýanyň esgerleriniň edermenligi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Putin Hytaýda Kim bilen geçiren duşuşygynda: “Siziň başlangyjyňyz bilen, belli bolşy ýaly, siziň ýörite güýçleriňiz Kursk sebitiniň azat edilmegine gatnaşdy” diýdi. Rus lider: “Siziň esgerleriňiz batyrgaýlyk we gahrymançylyk bilen söweşdi” diýip belledi.
Demirgazyk Koreýanyň goşunlary şu ýylyň başynda Russiýanyň günbatar sebiti bolan Kurskdan ukrain güýçlerini çykarmaga kömek edipdi.
Putin: “Biz siziň ýaragly güýçleriňiziň we harby gullukçylaryň maşgalalarynyň pidakärliklerini hiç haçan ýatdan çykarmarys” diýdi.
Putin: "Rus halkynyň adyndan umumy göreşe gatnaşanyňyz üçin sag bolsun aýdýaryn. Demirgazyk Koreýa Demokratik Halk Respublikasynyň ähli halkyna tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirmegiňizi haýyş edýärin" diýdi.
Müňlerçe esger
Awgust aýynyň ortalarynda Putin Kim Çen Yna hat iberip, Demirgazyk Koreýanyň esgerlerini Ukraina garşy alyp baran söweşleri barada öwgüli sözler aýtdy.
Russiýa bilen Demirgazyk Koreýa arasyndaky gatnaşyklar barha çuňlaşýar, geçen ýyl Putiniň bu ýapyk döwlete guran saparynda iki ýurduň özara goranyş şertnamasyna gol çekendigi habar berilipdi.
Aprel aýynda Demirgazyk Koreýa ilkinji gezek öz esgerleriniň Russiýanyň goşunlary bilen bilelikde Ukraina garşy öň hatarda söweşýändigini tassyklady.
Günorta Koreýanyň we Günbatar aňtaw gulluklarynyň maglumatlaryna görä, Phenýan 2024-nji ýylda Russiýanyň Kursk sebitine 10000-den gowrak esger, şeýle hem artilleriýa ok-däri, raketalar we uzak aralykly raketa ulgamlaryny iberdi.
Seul tarapyndan berlen maglumatlara görä, Russiýa üçin söweşýän Demirgazyk Koreýanyň 600 töweregi esgeri öldürildi, müňlerçesi ýaralandy.