Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasynyň (FAO) emeli hemra maglumatlaryna esaslanýan iň soňky hasabatyna görä, Gazadaky oba hojalygynyň diňe 1,5 göterimi elýeterli we zeper ýetmedik ýagdaýda, ol bolsa bary-ýogy 2,3 inedördül kilometre deňdir. FAO Palestina topraklarynyň "giň gerimli" açlyk howpy bilen ýüzbe-ýüzdigi barada duýduryş berdi.
BMG emeli hemra merkeziniň maglumatlaryna esaslanýan maý aýynyň ahyrynda neşir edilen öňki hasabatda bolsa, Gazadaky oba hojalygynyň 5 göteriminden hem az böleginiň elýeterli we zyýanlydygy aýdylýardy.
28-nji iýulda çap edilen täze hasabatda Gazadaky oba hojalygynyň 8,6 göteriminiň elýeterlidigi, emma onun hem bary-ýogy 1,5 göteriminiň, ýagny 2,3 inedördül kilometriniň ulanyp boljak ýagdaýdadygy aýan edildi. Ekin meýdanlarynyň12,4 göterimine zeper ýetmedik hem bolsa, elýeterli ýagdaýda däl.
Ylmy-derňew Gazadaky oba hojalyk ýerleriniň 86,1 göterimine zeper ýetendigini ýüze çykardy.
Ysraýylyň Gaza garşy söweşinden öň Gazanyň ykdysadyýetiniň takmynan 10 göterimini oba hojalygy tutýardy. FAO-nyň maglumatlaryna görä, 560000-den gowrak adam ýa-da ilatyň dörtden bir bölegi eklenjini oba hojalykdan we balykçylykdan üpjün edýärdi.