Emeli aň pudagyndaky ösüşler ýokar depgin bilen öňe barýar. Bu dokumental filmde žurnalist Anne-Marie Tomçak çalt depgin bilen ösýän bu tehnologiýanyň adamzadyň gazananlaryny nähili özgerdýändigini öwrenýär.
Emeli aň tarapyndan hödürlenýän mümkinçiliklere we töwekgelçiliklere nähili çemeleşjekdigimizi bilmek, döwrümiziň iň esasy çekeleşikleriniň birine öwrülýär. Anne-Marie tomaşaçylara bu tehnologiýadan netije peýdalanmaklary üçin zerur maglumatlary hödürläp, olara maglumat we güýç berýär. Şeylelikde tehnologiýanyň güýjüniň öňünde olaryň sussunyň basylmazlygy üçin ýol görkezýär.
Saglyk, bilim we howanyň üýtgemegine garşy çäreler ýaly ugurlarda emele gelýän oňyn täsirleriň ýany bilen, ýalňyş maglumatlaryň ýaýramagy, “deepfake” ýaly ýasama wideolaryň artmagy we iş ýerleriniň ýitirilmegi ýaly howply taraplar hem bu dokumental filmde ünsden düşürilmeýär. Film emeli aňyň gündelik durmuşa ýetirýän täsirini diňe bir sözbaşylar görnüşinde däl, eýsem giňden we düşnükli görnüşde öwrenýär.
Žurnalist we alyp baryjy Anne-Marie Tomçak, emeli aňyň artýan güýji we durmuşymyza ýetirýän täsirine nähili çemeleşmelidigimizi, bu täze zamana nähili uýgunlaşmalydygymyzy öwrenýär:
“Bu meseläni seljermek isledim, sebäbi häzirki wagtda emeli aňa uly gyzyklanmanyň bardygyny duýýaryn. Diňe geçen ýylyň dowamynda, bu tehnologiýa ozal görülip eşidilmedik derejede ösdi. Käte şol ösüşleriň yzyna düşmek kyn bolyar. Şeýle-de bolsa emeli aňyň zyýanlary baradaky çekeleşikler hem adamda basyş döredip bilýär.
Bu dokumental film şu mowzuga adamları goşulmaga höweslendirýän usulda çemeleşmek üçin ýüze çykan mümkinçilikdi. Biz bu filmde emeli aňyň ýaşaýyş ýörelgämizi nähili özgertýändigini, dünýäniň iň esasy meseleleriniň käbirlerini — meselem, howanyň üýtgemegi we saglygy goraýyş ýaly —çözmäge nähili kömek edip biljekdigini görkezýäris. Şol bir wagtda bolsa onuň bilen baglanyşykly hakyky howplary we töwekgelçilikleri hem gizlemeýäris.
Meniň pikrimçe bu diňe bir tehnologiýa bilen gyzyklanýanlar üçin däl, eýsem hemmeler üçin tomaşa etmäge mynasyp film. Biz häzirki wagtda möhüm geçiş döwründe ýaşaýarys we häzirki wagtda emeli aň bilen nähili gatnaşyk edýändigimiz, geljekde bize nähili durmuşyň garaşýandygyny kesgitlär.”
“Storyteller” her hepde ýekşenbe güni sagat 21:00-da efire berilýär.