SYÝASAT
2 minut okamak
Siriýa Assaddan soňky Ösüş Gaznasyny işe girizdi
Prezident Ahmed al Şaraa Siriýanyň Ösüş Gaznasynyň ýurdy täzeden gurmak üçin esasy gural bolup hyzmat etjekdigini aýdýar.
Siriýa Assaddan soňky Ösüş Gaznasyny işe girizdi
Siriýa Assaddan soňky Ösüş Gaznasyny işe girizdi / Reuters
21 hours ago

Siriýanyň Prezidenti Ahmed al Şaraa Siriýayň Ösüş Gaznasyny işe girizdi we gaznanyň ýurduň gaýtadan dikeldilmeginde esasy gural hökmünde hyzmat etjekdigini aýtdy.

Siriýanyň Arap Habarlar Gullugynyň (SANA) mälim etmegine görä penşenbe güni Damask şäherindäki Damask galasynda gaznanyň açylyş dabarasy guraldy.

Al-Şaraa çykyşynda: “Biz şu gün Siriýanyň Ösüş Gaznasynyň işe girizilýändigini yglan etmek üçin ýygnanşdyk. Bu gazna arkaly sizden haýyş edýäris, sahawatly serişdeleriňizi, özalky režimiň ýok edenlerini täzeden gurmak we olaryň ýakyp kül eden ýurduny ýaşyl, gülläp ösýän eşretli döwlete öwürmek üçin sarp ediň” diýdi.

“Agdarylan režim biziň ykdysadyýetimizi ýok etdi, biziň gaznamyzy talady, öýlerimizi ýykdy we halkymyzy düşelgelere hem-de bosgunçylyk ýerlerine göçmäge mejbur etdi. Biz şu gün bu ýerde eziz Siriýany gaýtadan dikeltmek, ony halkynyň kömegi bilen täzeden gurmak we göçüp gidenleri hem-de bosgunlary öz ýurduna gaýtaryp geçirmek üçin ýygnanşdyk” diýip, al Şaraa sözüniň üstüni ýetirdi.

Al Şaraa gaznanyň işleriniň doly aç-açan boljakdygyny we strategiki taslamalara sarp edilen ähli serişdeleriň hasabatynyň beriljekdigini belledi.

Gaznanyň işe girizilmeginden birnäçe minut soň, SANA-nyň habarçysynyň maglumat bermegine görä haýyr-sahawat serişdeleri 30 million dollardan geçdi.

Soňra döwlet eýeçiligindäki Al Ihbariya teleýaýlymy şol mukdaryň bir sagat soň 60 million dollardan geçendigini habar berdi.

Siriýany 25 ýyl töweregi dolandyran Başar al Asad 2024-nji ýylyň dekabrynda Russiýa gaçyp gitdi we 1963-nji ýyldan bäri häkimiýetde bolan Baas partiýasynyň režimi syndy.

Täze geçiş hökümeti al Şaraa ýolbaşçylygynda 2025-nji ýylyň ýanwarynda guruldy.

ÇEŞME:TRT World
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us