DÜNÝÄ
2 minut okamak
Wenesuela Kolumbiýa serhedine 15 müň esger ornaşdyrar
ABŞ-nyň Nikolas Maduronyň tussag edilmegi üçin goýan sylagynyň mukdaryny artdyrmagyndan soň şeýle kararyň kabul edilendigi nygtaldy.
Wenesuela Kolumbiýa serhedine 15 müň esger ornaşdyrar
11 hours ago

Wenesuelanyň Içeri işler ministri duşenbe güni beren beýannamasynda, Kolumbiýa serhedinde ýerleşýän Zulia we Tajhira sebitlerine 15 müň esgeriň ornaşdyryljakdygyny mälim etdi.

Ministr Kabello, “parahatçylygy ýola goýmak” we sebitdäki jenaýatçylykly toparlara garşy göreşmek üçin şeýle kararyň kabul edilendigini aýtdy.

Kabello uçarmansyz howa ulaglarynyň hem serhetleriň we derýalaryň gözegçiligi üçin ulanyljakdygyny nygtady.

ABŞ-nyň Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduronyň tussag edilmegi üçin goýlan sylagyň mukdaryny 50 million dollara çenli ýokarlandyrmagy we Karib deňizine goşmaga esger ornaşdyrmagy sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigi bellenildi.

Kabello, Kolumbiýaly ýolbaşçylara serhetgalasynda jenaýat etmäge synanşýanlara garşy egilşiksiz göreşiň alnyp barylmagy üçin çagyryş etdi.

Ministr Kabello “Jenaýatçylar we jenaýatçy toparlar bilen gatnaşygy bolan her bir adam öz jogapkärçiligini kabul etmeli, biz hem öz jogapkärçiligimizi kabul ederis” diýip duýduryş berdi.

Kabello “Halkymyz arkaýyn bolup biler. Sebitde howpsuzlygyň ýola goýulmagy üçin degişli çäreler görüldi. 15 müň esger howpsuzlyk güýçlerimize doly goldaw berer. Sebitde geçirilýän operasiýalar dowam edýär we käbir jenaýatçy toparlar täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýip belledi.

Beýleki tarapdan Wenesuelanyň Goranmak ministri Wladimir Padrino Lopez, ABŞ-nyň Wenesuelanyň Kolumbiýaly gozgalaňçylar bilen kokain söwdasy boýunça hyzmatdaşlyk edýändigi hakyndaky günäkärlemelere garşy durdy.

Goranmak ministri Wladimir Padrino Lopez, ABŞ-nyň Neşe serişdelerine garşy göreş gullugynyň başlygy Terri Koluň, Wenesuelanyň Kolumbiýaly gozgalaňçylaryň meksikaly kartelleriň köp mukdarda kokain bilen üpjün edilmegine kömek berýändigi hakyndaky günäkärlemelerine jogap berdi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us