Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine görä, Braziliýanyň Ysraýyl tarapyndan teklip edilen täze ilçini kabul etmezliginiň Ysraýylyň Latyn Amerika ýurtlary bilen edýän gatnaşyklarynyň derejesini aşaklatmagyna we Braziliýanyň Prezidenti Lula de Silwanyň “islenmeýän adam” hökmünde yglan edilmegine sebäp boldy.
Bu waka iki ýurduň arasyndaky diplomatik krizisi has-da çuňlaşdyrdy.
Lula da Silwa, duşenbe güni Ysraýylyň Kolumbiýadaky ilçisi Gali Daganyň Braziliýa ilçi hökmünde bellenmegini kabul etmedi.
“Taýmes of Ysrael” Ysraýylynyň Daşary işler ministrliginiň Braziliýa bilen gatnaşyklaryň pes derejesinde alnyp barylýandygy hakyndaky beýannamasyna ýer berdi.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Braziliýanyň adaty bolmadyk ýagdaýda ilçi Daganyň ylalaşyk talabyna jogap bermekden gaça durandygy sebäpli Ysraýyl bu talabyny yzyna aldy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar has pes diplomatik derejede alnyp barylýar” diýildi.
Bu waka, Braziliýa bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklarda täze dartgynlyk emele getirdi. Ysraýylyň Gazadaky genosidi sebäpli onsuz hem iki ýurduň arasynda dartgynly günler başdan geçirilýärdi.
Braziliýa geçen ýyl Gazadaky genosidi sebäpli Ysraýyldaky ilçisini yzyna çagyrypdy we ýerine täze ilçi bellemändi.
Ysraýyl hem Lula da Silwany “islenmeýän adam” hökmünde yglan edipdi.
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerini faşistleriň hereketlerine meňzeden Lula da Silwa, “Olar Gazada söweşmeýär, olar Gazada genosid edýär. Bu esgerleriň söweşi däl, tälimli harby goşunyň zenanlara we çagalara garşy alyp barýan söweşi” diýipdi.
Ysraýyl duşenbe güni Lula da Silwanyň islenmeýän adam hökmünde yglan edilendigini ýene-de bir gezek tassyklady.
Braziliýa 2023-nji ýylda Ysraýylyň Gazadaky genosidine garşy Palestine goldaw berýändigini açyk-aýdyň beýan edipdi.
Braziliýa iýul aýynda Günorta Afikanyň Ysraýyla garşy Halkara Adalat diwanynda gozgan genosid işine goşuljakdygyny mälim edipdi.
Braziliýa 2010-njy ýylyň 5-nji dekabrynda Palestini 1967-nji ýyldaky serhetlerine laýyklykda resmi taýdan ykrar edipdi.