Nigeriýanyň Adatdan daşary ýagdaý gullugynyň habaryna görä, ýurduň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän Sokoto welaýatynda düzüminde 50 adam bolan gaýykdaky 40-dan gowrak adam dereksiz ýitdi.
Ýolagçylar welaýatyň meşhur azyk bazary bolan Goronýo bazaryna ýekşenbe güni syýahat edýärdi. Emma gaýyk ýolda batdy.
Milli Adatdan daşary ýagdaý gullugynyň başlygy Zubaidar Umar X platformasyndan beren beýanatynda, 10 adamyň halas edilendigini habar berdi.
Gulluk dereksiz ýiten adamlary tapmak üçin ýerli resmiler we gyssagly kömek toparlary bilen bilelikde gözleg we halas ediş işleriniň geçirilýändigini aýtdy.
Üç hepde ozal bolsa Nigeriýanyň demirgazygyndaky Niger ştatynda 100 töweregi ýolagçyny alyp barýan gäminiň batmagy netijesinde azyndan 13 adam ýogaldypy, onlarça adam dereksiz ýitipdi.