Yslamabad Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiýniň Pakistanyň raýatlarynyň Russiýa üçin Ukraina garşy söweşýändigi baradaky öňe sürmeleri ret etdi.
Sişenbe güni Pakistanyň Daşary işler ministrligi Pakistanyň raýatlarynyň Ukrainadaky urşa gatnaşandygy baradaky "esassyz we ýalan" aýyplamalary düýbünden ret etdi.
Pakistanyň Daşary işler ministrligi: "Şu günki güne çenli ukrain resmiler Pakistana resmi ýüz tutmady we beýle aýyplamalary tassyklaýan hiç hili subutnama berilmedi" diýdi.
Zelenskiý duşenbe güni Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky güýçleriň Pakistan bilen birlikde dürli ýurtlardan gelen daşary ýurtly "hakyna tutma esgerlere" garşy söweşýändigini aýtdy.
Zelenskiý Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Wowçansk frontunda ukrain esgerleri bilen geçiren duşuşygynda: "Bu frontdaky söweşijilerimiz söweşe Hytaýdan, Täjigistandan, Özbegistandan, Pakistandan we Afrika ýurtlaryndan hakyna tutulan söweşijileriň bardygyny habar berýär. Biz muňa jogap bereris" diýdi.
Emma Pakistan bu aýyplamalary Ukrainanyň resmileri bilen ara alyp maslahatlaşjakdygyny we düşündiriş talap etjekdigini aýtdy.
Pakistan şeýle hem, BMG-nyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine laýyklykda gepleşikler we diplomatiýa arkaly Ukrainadaky konflikti parahatçylykly çözmäge ygrarlydygyny tassyklady.