DÜNÝÄ
1 minut okamak
Meksikaly resmiler: Guanahuato welaýatynda 32 jeset tapyldy
Resmiler jesetleri anyklamak üçin iş alyp barýandyklaryny aýdýarlar.
Meksikaly resmiler: Guanahuato welaýatynda 32 jeset tapyldy
August 5, 2025

Resmiler Meksikanyň merkezi Guanahuato welaýatynyň Irapuato etrabynda ýerleşýän bir emläkde 32 jesediň tapylandygyny we olaryň ýarysyna golaýynyň şahsyýetiniň anyklanandygyny habar berdiler.

Guanahuato ştatynyň prokuraturasy duşenbe güni X sosial media arkaly beren beýanatynda, Meksika Siti şäheriniň takmynan 320 km demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Irapuato şäheriniň demirgazygyndaky La Kalera diýilýän ýerde, hususy emläkde gizlin mazarda jesetleriň tapylandygyny mälim etdi.  

Prokurorlar kazyýet-lukmançylyk toparlarynyň 30-njy iýuldan bäri sebitde iş alyp barýandygyny, galan jesetleriň şahsyýetini anyklamak üçin işlerin dowam edýändigini aýan etdiler.

Bu waka Irapuatoda köçede geçirilen bir oturylyşykda bolan köpçülikleýin atyşygyň netijesinde 12 adamyň ölmeginden iki aý geçmänkä ýüze çykdy.

Guramaçylykly jenaýat toparlary köplenç pidalaryny gizlin mazarlara jaýlaýarlar.

Meksikanyň hökümetiniň häzirki wagtda ýitirim bolan adamlaryň sanyny 132000 töweregi diýip hasap edýär.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us