DÜNÝÄ
1 minut okamak
ABŞ Russiýadan nebit satyn alýan Hindistana hemle atdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Hindistanyň tutumyny tankyt etdi we ykdysady sanksiýalaryň artdyryljakdygyny aýtdy
ABŞ Russiýadan nebit satyn alýan Hindistana hemle atdy
August 5, 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Russiýadan nebit satyn alýandygy sebäpli Hindistana goşmaça gümrük salgytlarynyň giriziljekdigini aýtdy.

Tramp, duşenbe güni Trut Sosial arkaly beren habarnamasynda “Hindistan rus nebitini satyn almak bilen çäklenmeýär, eýsem satyn alan nebitiniň esasy bölegini açyk bazarda has ýokary bahada satýar. Russiýanyň Ukrainada näçe adamy öldürendigini görmeýär” diýdi.

Tramp “Şol sebäpli hem Hindistan ABŞ-na has köp salgyt tölär”diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp salgytlaryň näçe göterim artdyryljakdygy hakynda bolsa maglumat bermedi.

Russiýa bilen Hindistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary

Geçen ýyl rus nebiti, Hindistanyň jemi nebit importynyň 35-40 göterimini emele getirdi.

Hindistan Trampyň soňky beýannamalaryna heniz resmi taýdan jogap bermedi.

Tramp, geçen hepde Hindistandan import edilýän harytlara 25 göterimlik gümrük salgydynyň giriziljekdigini mälim edipdi.

Hepdäniň ahyrynda “Roýter” habarlar gullugyna beýannama beren Hindistanly iki resmi, ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň hemlelerine garamazdan Hindistanyň Russiýadan nebit satyn almaga dowam etjekdigini mälim etdi.

 

 

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us