Russiýanyň ozalky prezidenti Dmitriý Medwedew gysga we orta aralykly ýadro raketalar bilen bagly Moskwanyň moratoriýden çekilmeigniň jogapkäriniň NATO ýurtlarydygyny beyan etdi.
Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýän Dmitriý Medwedew duşenbe güni X platformasyndan beren beýanatynda: "Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň orta we gysga aralyga raketalary ýerleşdirilmegi bilen bagly moratoriýden çekilmek karary NATO ýurtlarynyň Russiýa garşy alyp barýan syýasatlarynyň netijesidir" diýdi.
Dmitriý Medwedew: “Bu, ähli bäsdeşlerimiziň göz öňünde tutmaly täze hakykaty. Geljekdäki ädimlere garaşyň” diýdi.
Medwedewiň bu beýanaty, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Orta aralykly ýadro güýçleri (INF) ylalaşygynyň çäginde "ozal kabul eden çäklendirmelere indi özüni garaşly duýmaýandygy” baradaky beýanatyndan soň berdi.
1987-nji ýyldaky ylalaşyk ABŞ-nyň we SSSR-yň 500 bilen 5500 kilometre çenli aralykdaky ähli ýadro we adaty ballistik we ganatly raketalaryny ýok etmegi we şeýle ýaraglary hemişelik gadagan etmegi talap etdi.
"Örän we örän seresap boluň."
ABŞ Prezident Donald Trumpyň ilkinji Prezident möhletinde Russiýanyň bu ylalaşygy ýerine ýetirmeýändigini öňe sürüp, 2019-njy ýylda INF ylalaşygyndan çekilipdi. Russiýa bu aýyplamalary ret etdi.
Moskwanyň duşenbe güni beren beýanaty, geçen hepde Amerikanyň iki sany ýadro suwasty gämisini "Russiýa ýakyn" ýerleşdirmek baradaky buýrugyndan soň berildi. Bu ädim soňky wagtlarda sosial media arkaly ABŞ-nyň Prezidenti bilen berk jedeller edýän Medwedewe bir jogap hökmünde häsýetlendirilýär.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow duşenbe güni beren beýanatynda, Russiýanyň ýadro meselesi bilen baglanyşykly islendik beýanatyna "gaty seresap" çemeleşýändigini we bu meselede Moskwanyň "jogapkärlidigini" aýtdy.
Peskow metbugat işgärlerine: "Russiýa ýadro ýaraglarynyň ýaýramazlygy meselesinde gaty seresaply. Elbetde, her kimiň ýadro ritorikasyna gaty seresap bolmalydygyna ynanýarys" diýdi.