SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp Putinden “garaşyan tamasynyň” çykmandygyny beýan etdi
ABŞ-nyň Prezidenti Kremliň Ukrainanyň lideri bilen duşuşyk guramakdan yüz öwürmeginden soň onuň ähtimal netijeleri hakjnda duýduryş berdi.
Tramp  Putinden “garaşyan tamasynyň” çykmandygyny  beýan etdi
Tramp Putinden “garaşyan tamasynyň” çykmandygyny beýan etdi / Reuters
September 3, 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyk boýunça näbelliligiň özüni “örän lapykeç” edendigini aýtdy.

"Men ondan örän lapykeç boldum. Meniň, onuň bilen aram hemişe gowy bolupdy. Men örän lapykeç," diýip, Tramp sişenbe güni “Skott Jennings Radio Showda” beren interwýusynda aýtdy.

Bu sözler Trampyň awgust aýynda iki lider bilen hem duşuşmagynyň yzýany aýdyldy — ilki bilen Putin bilen 15-nji awgustda Alýaskada,  üç gün soň bolsa Zelenskiý we Ýewropa liderleri bilen Ak Tamda duşuşypdy.

Tramp şol wagt Putin-Zelenskiý duşuşygynyň geçiriljekdigini we sonunda özüniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn maslahatyň guraljakdygyny aýdypdy.

Emma Kreml bu ähtimallyga üns bermeýär. Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow çarşenbe güni gepleşikleriň diňe "täze territorial hakykatlar" ykrar edilip, hukuk taýdan resmileşdirilen halatynda dowam edip biljekdigini aýtdy.

Lawrow şeýle hem islendik ylalaşygyň iki tarapyň howpsuzlyk kepilliklerini öz içine almalydygyny we Ukrainanyň "bitarap, bloklara goşulmaýan we ýadro ýaragsyz derejesini" üpjün etmelidigini belledi.

Tramp duşuşyk amala aşyrylman halatynda Russiýanyň sanksiýalara sezewar boljakdygyny aýtdy.

"Hawa, şeýle bolar," diyen Tramp, Owal ofisde žurnalistlere;  "Göreliň bakaly nameler bolar. Olar näme ederler we näme bolar, bilelikde göreris. Men onuň bilen örän ýakyndan gyzyklanýaryn" diýip, beyanat berdi.

Tramp ozalky beýanatlaryndan birinde eger-de öňegidişlik gazanylmasa, Moskwanyň "agyr sanksiýalara we agyr tariflere ýa-da ikisine birden" sezewar bolup biljekdigini duýdurypdy,

Gazna ministri Skott Bessent duşenbe güni "ähli alternatiwleriň stoluň üstünde" durandygyny aýdyp, Putiniň Alýaskadaky sammitden soň hüjümleri güýçlendirendigini beýan etdi.

"Prezident Putin örän pespällik bilen bombalaýyş kampaniýasyny güýçlendirdi," diýip, Bessent “Fox Newsa” aýtdy.

"Prezident Trampyň adminstrasiýasy ähli alternatiwleri stoluň üstüne goýdy we biz olary şu hepde düýpli seljereris” diýip, Bessent sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenskiý Moskwany duşuşygy bökdeýänlikde aýyplady, emma Russiýa gün-tertibiniň taýýar däldigini öňe sürýär.

Daşary işler ministri Lawrow Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň göni aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy. Lawrow:"Biz gepleşikleriň dowam etmegine garaşýarys," diýdi.

ÇEŞME:TRT World
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us